Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MIRASYM NEPIS - HALYM

Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzaýan taryhy geçmişinde dünýä genji-hazynasyna öwrülen medeni we sungat eseriniň ýüzlerçesini döretdi. Ajaýyp medeni gymmatlyklarymyzyň biri hem gözbaşyny adamzat taryhynyň iňňän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungatydyr. Türkmen halylarynyň gözelligi bu gün – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhuny ganatlandyrýar, baý öwüşginli reňkleri, nagyşlary jana rahat beriji saz bolup ýaňlanýar.

         Türkmen halysy Türkmen zenanlarynyň yhlasy, mähiri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan Türkmeniň özboluşly, nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar, we ondaky keşdeler bolsa Türkmen tebigatyny şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir, milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.

         Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol ilkinji ädimlerini şol halyda ädipdir. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Türkmen hojalygyndaky esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edip, ol maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän sungat eneden-gyza geçipdir.

      Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan inçeden nepis haly sungatyna aýratyn üns berilýär, haly sungatyny ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar, milletimiziň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däplerini özünde jemleýän haly sungaty täzeden dikeldilýär.

Häzirki döwürde içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli haly önümlerine bolan uly islegi kanagatlandyrmak wezipeleri bilen bir hatarda, haly dokamagyň milli däpleri goralyp saklanýar, gadymy nusgalar hem-de nagyşlar dikeldilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzyň şäherlerinde, obalarynda täze fabrikler gurulýar hem-de işe girizilýär. Halyçy gelin-gyzlar üçin amatly şertler döredilýär.

   Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatynyň ajaýyp ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň Baýdagymyzyň we Tugramyzyň baş bezegidigini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygynyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. «Haly türkmeniň kalbydyr» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Haly gölleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezeg ulgamynda we binagärlik keşbinde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň dünýäde iň uly haly gölleri ýerleşdirilen bina hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. Asyrlar boýy halylar adamzat ýaşaýşynyň hemrasy bolupdyr. Olaryň meşhurlygy häzirki günlerde hem pese gaçmaýar. Şeýle-de bolsa ilkinji halynyň haçan dokalandygy hakynda takyk maglumaty aýtmak kyn. Birnäçe halklaryň birek-birekden habarsyz haly dokamak işi bilen bir döwürde meşgullanyp başlamagy haýran galdyryjydyr. Halylar hakynda birnäçe gyzykly maglumatlar aýdanymyzda, Ermitaž muzeýinde dünýä gymmatlygy hasaplanýan gadymy pazyrak halysyny görmek bolýar. Ol özüniň ilki başdaky görnüşini saklap galmagy başarypdyr. Bu gymmatly tapyndy depäniň buzly gatlagynyň astyndan tapyldy. Halyçylyk adamzadyň ele alan hünäriniň iň ilkinjileriniň biri hasaplanýar. Şonuň üçin-de ol ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde         2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagta çenli dünýäniň iň uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny hem buýsanç bilen belläp geçmek bolýar. 2001-nji ýylda dokalan Türkmen halysy Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegi başardy. Halynyň agramy 1tonna 200 kilogramdyr.

          Ýüz ýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy milli senetkärçilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Halyçylyk sungaty gözbaşyny gadymyýetiň syrly gatlaryndan alyp gaýdýar. Taryhy çeşmelerde türkmen halysynyň diňe şalaryň köşklerine bezeg berendigi barada maglumatlar bellenilip geçilýär. 

        Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli ýetip gelen gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin elýetmez taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar. Türkmen halysy merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.

       Şu pursatdan peýdalanyp, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýokary derejede bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy gutlaýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.