Ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmek, türkmen türgenleriniň täze tapgyryny kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijelerini berýär.Şu jähetden Arkadag şäheriniň Milli Liderimiziň adyny buýsanç bilen göterýän «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli sportumyzyň, sol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. «Çagyryş ligasynyň çempiony» diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar. Şeýle-de bu üstünlik Milli Liderimiziň hem-de döwlet baştutanymyzyň tagallalary bilen tutuş ýurdumyzda, hususan-da, Arkadag şäherinde sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendiginiň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport – bu diňe üstünlikler we medallar däl-de, eýsem, kuwwatly durmuş, birleşdiriji güýç bolup, medeniýet, ykdysadyýet, diplomatiýa bilen baglanşyklydyr. Şundan ugur alnyp, sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, ulgamyň düzümine ylmyň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Sport bar ýerinde parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş höküm sürýär. Sportyň üsti bilen dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär» diýip belleýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda sportyň beýleki görnüşleri bilen birlikde, futboly ösdürmäge we ony giňden ýaýratmaga, şunda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) we Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde, “Arkadag” futbol toparynyň 2023-2024-ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy hem-de Naýbaşy kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy, bu günki gün bolsa Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyş ligasynyň çempiony bolmagy türkmen sportunyň dünýädäki abraýynyň arşa galýandygyna şaýatlyk edýär.
Futbol toparynyň ajaýyp ýeňişi mynasybetli gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyş bilen ýüz tutandygyny we bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinendigini aýratyn nygtamak gerek. Çünki Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu döwrebap kitaphana ýaş nesliň sanly ulgam arkaly kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirer.
Şeýlelikde, «Arkadag» futbol toparynyň gazanan uly ýeňişi eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny ýene bir ýola belende göterdi. Goý, ata Watanymyzda ýokary netijeli sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.