Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary esasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak beden taýdan sagdyn ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Eziz diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän we ençeme sport desgalary gurulup ulanylmaga berilýär. Netijede halkymyzyň ýaşlarymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen giňden meşgullanmagy sportuň dürli görnüşleri boýunça täze üstünlikleri gazanmagy üçin berk binýat döredilýär. Şunluk-da Türkmenistanda futboly ösdürmekde we ony giňden ýaýratmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) we Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen dörän Arkadag şäherinde hem sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda futboly ösdürmäge uly üns berilýär. Bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän köpugurly sport toplumy, sport merkezi we 10 müň orunluk stadion gurulup ulanylmaga berildi.Türkmen sportunyň abraýynyň arşa galmagynda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň sport durmuşynda uly waka boldy. «Arkadag» futbol toparynyň 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kubogy hem-de Naýbaşy kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy bu futbol toparynyň gelejeginiň ulydygyny aýdyň görkezýär. «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda Gahryman Arkadagymyza uly hormat bilen haýyş etmekleri we bu serişdäni Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň gurluşygyna gönükdirmegi, bu döwrebap kitaphanada ýaş nesliň sanly ulgam arkaly kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirer. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş neslimiziň bilimli berk bedenli sagdyn ruhly çagalar ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly aladalar edýändiginiň janly şaýady bolýarys. Bu gün biz taryhda behişdi bedewlerimiziň mesgeni bolan, häzirki wagtda gülläp ösýän Arkadag şäherinde pähim-paýhasly ata- babalarymyzyň «At agynan ýerde toý bolar» diýen atalar sözüniň rowaçlanýandygynyň şaýady bolýarys. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň çagyryş ligasynyň Kubogyna mynasyp bolan «Arkadag» futbol topary ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende göterdi. Eziz Watanymyzyň belent tuguny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny ýene-de bir gezek belende galdyrdy. Goý! ähli türkmen halkymyzy üstünliklerden üstünliklere alyp barýan sagdyn belent ruhly ýaş nesillerimiziň ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.