Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMEN HALYSY-ARŞYŇ NEPISLIGI

Eziz diýarymyzda taryhymyzy, baý medeniýetimizi, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy çuňňur öwrenmekde uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halysy-türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Her bir raýatyň döredijilikli zähmet çekmekleri, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, şeýle-de türkmen zenanlarynyň el işlerini zähmete siňdirip Watanymyza goşant goşmaklary üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Bu şertleriň sakasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar.Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlan “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp eserinde «Haly- halkymyzyň gadymy hem müdimi sungatydyr.Gözelligi, nepisligi öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr» diýip belleýşi ýaly, zenan kalbynyň näzikliginden, duýgurlygyndan, umyt-arzuwlaryndan döreýän älemgoşar öwüşginli halysyna taý geljek gözellik dünýäde ýok bolsa gerek. Halylarymyzyň türkmen tebigatynyň ösümliklerinden alnan,tebigy boýaglara boýalan ýüňlerden hem ýüpeklerden dokalmagy olaryň milli öwüşginini hasda artdyrýar.Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatynyň ajaýyp ýadygärligidir. Eneleriň mukaddeslige deňelmegi, gelin-gyzlaryň el işlerine uly ähmiýet berilmegi, ähli bagtyýar zenanlary has-da döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Ene-mamalarymyzyň naýbaşy el işleriniň biri bolan türkmen halylary, ýekeje çitimden başlanyp döreýän gudratdyr, ol halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, türkmeni dünýä tanadan ajaýyp sungatdyr. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzyň geljekki nesillerimize ýetirilmegi, aýratyn hem, ene-mamalarymyzyň maşgaladaky gyz-gelinlere el işlerini öwretmekleri, nepis halylarda ulanylýan gurallar bilen tanyşdyryp, onuň inçe syrlaryny öwretmekleri, şol millilikler hakynda öwüt-nesihat bermekleri aýratyn bellärliklidir. Şonuň netijesinde-de,  haly dokamak ýaly nepis sungat nesilden-nesile geçip, dowam etdirilýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň ellerinden döreýän ajaýyp türkmen halysy bu gün dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Bu gymmatly senediň her bir göllerinde ajaýyp türkmen tebigatynyň gözelligini, şöhratly taryhyny, gelin-gyzlaryň arzuw-hyýallaryny, bagtyýarlygy görmek bolýar. Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň Baýdagymyzyň we tugramyzyň baş bezegidigini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy milli senetkärçilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Şeýle ajaýyp haly sungatyna hem-de ol gudraty döreden halyçy ene-mamalarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz elmydama türkmen halylaryny öwrenmek, milli mirasymyz hökmünde gorap saklamak, gadymy hem müdimi senedimizi ýaşlara miras goýmak barada yzygiderli nygtaýar.Biziň ýurdumyza gelýän myhmanlar türkmeniň milliligine, çeper el işlerine, ajaýyp haly önümlerine haýranlyk bilen garaýarlar. Halkara derejesinde hem bu ajaýyp sungatyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi örän buýsandyryjydyr. Türkmen halysy her bir maşgalanyň öýüni bezeýän gymmatlykdyr. Şeýle arzyly senediň çuňňur öwrenilmegi üçin ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Çünki gudratly sungatyň üsti bilen nesillere edep-terbiýäni, däp-dessury, milli gymmatlyga sarpa, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat tapan ajaýyp Arkadag şäherinde hem halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň elmydama taslamalardaky işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanmagy, we şol kärhanada hemme mümkinçilikleriň döredilmegi ugrunda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy gelin-gyzlary aýratyn buýsandyrýar. Zenanlara goýulýan bu beýik sarpa, olary has-da döredijilikli zähmet çekmäge, el hünärini kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga höweslendirýär. Dünýäniň ähli künjeklerinde geçirilýän sergilerde türkmen halysyny görmek, türkmen halkyna, türkmen zenanynyň el hünärine ýokary derejedäki hormaty aňladýar. Bu hormatyň gazanylmagynyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bardyr. «El hünäri – il gezer» diýlişi ýaly bu ajaýyp sungat dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe. 

Parahat ýurdumyzda bagtyýar zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, el işlerini halal zähmete siňdirip, Ata Watanymyza mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli döwrebap şertleri döredip berýän, türkmen haly sungatynyň dünýä meşhurlygyny gazanmakda giň mümkinçilikleri döreden, gadymy hem müdimi senedimiz bolan ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpasy üçin  Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri diňe üstünliklere beslensin.

Baýramgül GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň partiýa guramaçysy.