Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň esasy gazananlaryny kanunçylyk taýdan berkidip, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan jemgyýetçilik kadalaryny özünde jemleýän berk binýatdyr. Döwlet baýdagymyz şöhratly geçmişimize buýsanjymyzy, bagtyýar şu günümize guwanjymyzy hem-de röwşen geljege ynamymyzy özünde jemleýän berkararlygyň nyşanydyr.
Parasatly pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerine, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary babatda halkara hukugynyň kadalaryna hem-de dünýä ösüşiniň gazananlaryna ygrarlylyk döwletimiziň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ýörelgeleridir. Şoňa görä-de, Esasy Kanunymyz erkana, abadan, parahat durmuşymyzyň kanuny kepili bolup, bu mukaddesligiň binýadynda türkmen jemgyýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň hukuk esaslary durýar.
Bu gün Döwlet baýdagymyz bütin dünýäde belentde parlap, berkarar Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Ýaşyl Tugumyz jebisligimiziň, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerimiziň mukaddes nyşany hökmünde halkymyzy asylly maksatlaryň ýolunda jebisleşdirýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giň gerim bilen bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda bu hakykat aýdyň duýulýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň durmuşynda hem uly ähmiýete eýe bolan baýramdyr. Çünki milli ykdysadyýetimizi häzirki zaman bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmegiň binýady Esasy Kanunymyzda berkidilýär. Konstitusiýamyzda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy hakynda kadalar kesgitlenip, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi bellenilýär. Şunda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, Türkmenistanyň ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýändigi, bu hukugyň kanun bilen goralýandygy hakyndaky kadalara aýratyn orun berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny goldamaga, işewürligiň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ençemesi kabul edildi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Firma atlary hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary muňa aýdyň mysaldyr.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamagyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilip, kiçi we orta telekeçiligi, ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny goldamak, höweslendirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň esasynda milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýy barha artýar. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, döredilýän giň mümkinçilikler türkmen telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabaralar bilen bellenilýän şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralary ähli watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle bagtyýar günlerde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşen halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.