Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AHALTEKE BEDEWLERI – BIZIŇ BUÝSANJYMYZ WE ŞÖHRATYMYZ

Türk­men be­hiş­di be­dew­le­riň dö­reý­şi­niň ga­dy­my­dy­gy­ny ta­ry­hy çeş­me­le­re ýüz­le­neň­de do­ly göz ýe­tir­mek bol­ýar. Be­dew at­la­ryň as­ly ta­ry­hy­nyň syr­ly gat­la­ryn­dan gaýd­ýar. Ar­heo­log­lar ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çi­ri­len­de türk­me­niň beý­le­ki gym­mat­lyk­la­ry bi­len bir­lik­de be­dew­le­riň hem ga­dy­my­dy­gy­nyň üs­ti­ni aç­dy­lar. Döw­let mu­ze­ýi­niň he­mi­şe­lik ser­gi za­lyn­da we mu­ze­ýiň gaz­na­ha­na­syn­da ýer­leş­di­ri­len es­bap­lar mu­ňa şa­ýat­dyr. Türk­men hal­ky­ny dün­ýä ta­na­dan ga­myş­gu­lak be­dew­ler öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan bäş müň­ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan türk­men hal­ky­nyň mil­li gu­wan­jy­dyr. At yn­sa­nyň syr­da­şy, aty bar ada­myň my­da­ma dos­ty ýa­nyn­da ýa­ly­dyr. At türk­men­ler üçin mu­kad­des­lik­dir, ol ha­kyn­da gör nä­çe ro­wa­ýat­lar, er­te­ki­ler, ata­lar paý­ha­sy söz­ler, na­kyl­lar dö­re­dil­di. Türk­men ýel­den ýüw­rük be­dew­le­ri­miz hy­ýa­ly be­ýan et­me­ler türk­men zer­gär­le­rin­de, ha­ly­çy­ly­gyn­da hem söý­gü­li gah­ry­man­la­ryň bi­ri bol­ma­gy geň däl­dir. Bu ba­bat­da atyň keş­bi edil folk­lor ese­rin­de bol­şy ýa­ly ar­zuw-hy­ýal, şow­lu­lyk, äh­li aý­dyň we hoş­ni­ýet­li zat­lar bi­len ut­ga­şyp ada­myň kal­by­na ba­ra­bar su­rat­lan­dy­ryl­ýar. My­sal üçin, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tug­ra­sy­nyň mer­ke­zin­de şe­kil­len­di­ri­len ahal­te­ke be­de­wi­niň keş­bi ýur­dy­my­zyň azat­ly­ga we ga­raş­syz­ly­ga bes­le­nip, ýag­ty gel­je­ge ta­rap ok­gun­ly­ly­gy­ny be­ýan ed­ýär. 

 Türk­me­niň geç­miş­den söz aç­ýan eser­le­rin­de-de, des­san­la­ryn­da-da at ha­kyn­da gür­rüň edil­ýär. At eýe­si­ne we­pa­ly jan­dar bo­lup, ol ony äh­li kyn­çy­lyk­lar­dan alyp çyk­ma­gy ba­şar­ýar. Aty­ny ja­nyn­dan hem eziz gör­ýän türk­men ýi­gi­di aty be­ze­mä­ge hem uly üns be­rip­dir. Zer­gär­le­ri­miz ne­pis şaý-sep­le­ri kü­müş­den ýa­sap ha­kyk, pöw­ri­ze daş­la­ry bi­len be­zäp, al­tyn ça­ýyp ga­ýy­şa ber­ki­dip, şa­ýy­ny be­dew at­la­ry üçin ýa­sap­dyr­lar. Gö­wüs­ben­de, bo­ýun­ly­ga, göz­lü­ge da­ky­lan şel­pe­ler, uçup bar­ýan bür­gü­diň şe­ki­lin­de edi­lip­dir. Bu­lar­dan baş­ga­da, ga­dym­dan bä­ri at­la­ra göz deg­me­sin di­ýip hem-de be­zeg üçin ni­ýet­le­nip ula­ny­lan ala­ja ýüp da­ky­lyp­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men ge­lin-gyz­la­ry be­dew at­la­ry be­ze­mek üçin tä­ze be­zeg­ler dö­red­ýär­ler. Atyň boý­nu­na da­kyl­ýan ha­ly­çy­la­ryň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar, türk­men ze­nan­la­ry yh­las edip do­kan be­zeg üçin ni­ýet­le­nen ha­ly­çy­la­ry at­la­ryň gör­kü­ne görk goş­ýar. Öň­ki wagt­lar­dan bä­ri so­wuk­dan, çy­byn-çir­keý­den, ýa­ra düş­mek­den go­ra­mak üçin atyň üs­tü­ne ýa­pyl­ýan ýa­pyn­ja­lar my­da­ma aýal-gyz­lar ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyp­dyr. Onuň ha­ly gör­nü­şi­ni aýal-gyz­lar dür­li türk­men göl­le­ri bi­len be­zäp, atyň üs­tü­ne, kä ýag­daý­lar­da eýe­riň üs­ti­ne la­ýyk ge­ler ýa­ly edi­lip baý­ram­çy­lyk­lar­da be­zeg ýa-da sow­gat et­mek mak­sa­dy bi­len do­kal­ýar. Umu­man, at be­zeg­le­ri­niň äh­li­si­ne syn ede­ni­miz­de dün­ýä bo­ýun­ça be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şeý­le eý gö­rü­lip be­ze­len­di­gi­ni göz ýe­tir­ýär­siň. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ahal­te­ke be­de­wi bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz», «Ga­nat­ly be­dew» at­ly aja­ýyp eser­le­rin­de açyk aý­dyň gör­mek bol­ýar.

Be­dew­le­ri­mi­ziň ha­ky­ky muş­da­gy, at mün­me­giň us­sa­dy hem-de at­çy­lyk spor­tu­ny wa­gyz ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ahal­te­ke be­de­wi ok­gun­ly ös­ýän Türk­me­nis­ta­nyň baş ny­şa­ny­na öw­rül­di. Di­ýa­ry­myz­da en­çe­me asyr­la­ryň do­wa­myn­da ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän ga­dy­my se­ýis­çi­lik sun­ga­ty­ny di­kelt­mek we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu gün­ki gün­de se­ýis­ler mil­li at­şy­nas­lyk sun­ga­ty­nyň iň go­wy däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­mek bi­len, gö­zel­li­giň we aja­ýyp­ly­gyň be­ýa­ny bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň to­hum aras­sa­ly­gy­ny aýaw­ly sak­la­mak, be­den gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de baş sa­ny­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­le­ti­miz at­çy­lyk pu­da­gynyň ös­dü­ril­me­gi­ne ägirt uly se­riş­de­le­r goý­ber­ýär. Bu ma­ýa go­ýum­lar hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän hä­zir­ki za­man dü­züm­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne, bar bo­lan mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de gaý­ta­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na, yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na, to­hum­çy­lyk-seç­gi­çi­lik iş­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Bu iş­ler de­giş­li ugur­da mil­li hem-de dün­ýä tej­ri­be­si­ni ulan­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri – se­ýis­le­ri, ça­pyk­su­war­la­ry, seç­gi­çi­le­ri, we­te­ri­nar­la­ry we beý­le­ki­le­ri taý­ýar­la­mak ar­ka­ly al­nyp ba­ryl­ýar.

Ahal­te­ke be­de­wi türk­men­le­riň yg­ty­bar­ly dos­ty hem-de hem­ra­sy, buý­san­jyň hem-de söý­gi­niň nus­ga­sy bol­mak bi­len, müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da bi­ziň hal­ky­my­zyň kal­byn­da iň in­çe duý­gu­la­ry hem-de be­lent yl­ha­my oýar­ýan, onuň ösüş­le­re bo­lan mak­sat­la­ry­ny eme­le ge­tir­ýän aý­ra­tyn aja­ýyp­lyk bo­lup ge­lip­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra fes­ti­wal­lar­da we bäs­le­şik­ler­de ýo­ka­ry sy­lag­la­ra, baý­rak­la­ra my­na­syp bo­lan «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň dün­ýä meş­hur­ly­gy hem ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne go­ýul­ýan sar­pa­nyň ny­şa­ny­dyr.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry Mo­na­ko Knýaz­ly­gy­nyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 47-nji hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da Baş baý­ra­ga we ýö­ri­te baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy. Mundan ozal, «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry 2013-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len IDOL bü­tin­dün­ýä sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da, 2014-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň La­ti­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len XVI hal­ka­ra sirk fes­ti­wa­lyn­da, 2015-nji ýyl­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da gu­ra­lan II hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da, 2016-njy ýyl­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pon-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň II bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da baş baý­rak­la­ra, 2018-nji ýyl­da Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de bo­lan Fon­tan­ka­da­ky I hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da «Al­tyn Gae­ta­no» al­tyn heý­kel­ji­gi­ne my­na­syp bol­dy. Şeý­le üs­tün­lik­ler ýur­du­my­zyň ahal­te­ke at­la­ry­nyň ga­dy­my me­ka­ny­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek su­but ed­ýär. Ýur­du­my­zyň at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek hem-de be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­leri dur­mu­şa ge­çir­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç al­syn.

Ýagmyr ÖDÄÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.