«EKSPO-nyň» ýüregi — pikir, ýüzi bolsa medeniýet» diýen jümle ünsümizi çekdi. Hakykatdanam, Türkmenistanyň bu ägirt halkara sergä gatnaşmagy, diňe bir ykdysady mümkinçilikleriň ýa-da senagat ösüşleriniň görkezilmegi bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň baý taryhyny, milli gymmatlyklaryny, döwrebap ösüş ýoluny dünýä tanatmak maksadyna hem hyzmat edýär. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO - 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete nobatdaky sapary täze taryhy döwrümiziň möhüm wakalarynyň biridir.
Ilkinji gezek 2010-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyzyň mümkinçilikleri giňden açylyp görkezildi.
Nobatdaky Bütindünýä sergisi «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygar astynda geçirilip, «Durmuşy birleşdirmek», «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly üç mowzuk boýunça guralýar. Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirildi. Bu sergä halkara guramalaryň ençemesi hem-de dünýäniň 160-a golaý döwleti gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda, umumylykda, 184 gün dowam etjek giň gerimli Bütindünýä sergisiniň çäklerinde köp sanly milli günler guralar. Şu wagtyň dowamynda bu iri forum ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, ykdysadyýeti, şeýle hem soňky ýyllarda innowasion ösüşde, esasan-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan tejribeler bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylary milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryndaky, ýagny gurluşykdaky, energetikadaky, senagatdaky, ulag-aragatnaşykdaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga hem aýratyn üns berler.
Çäräniň dowamynda myhmanlaryň ýurdumyz barada giňişleýin maglumat almaklary üçin täsin arheologik eksponatlaryň, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň sergisi, Watanymyza wirtual syýahat, milli tagamlar we aýdym-sazlar göz öňünde tutuldy. Günüň dogýan ýurdunda dabaraly açylan Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýonyny «Belli» hojalyk jemgyýetiniň gurandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Taslamanyň arhitekturasy özboluşly mana eýe bolup, binanyň üçburç görnüşli gurluşy öňe hereket etmegi, ýaşaýşyň dowamatlylygyny, täzelenişi alamatlandyrýar. Şeýlelikde, Osakada Türkmenistanyň milli pawilýony gapysyny giňden açýar.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi hut şu şygar astynda geçirilýär. Sergi üç mowzuk boýunça guralyp, olar «Durmuşy birleşdirmek», «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» diýlip atlandyrylýar. Her pawilýon bir halkyň ýüreginiň beýany bolup, ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirildi.
«EKSPO - 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçysy Halkara sergiler býurosydyr. Türkmenistan bolsa 2024-2025-nji ýyllarda býuronyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunda «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» ähmiýeti aýratyn bellärliklidir.
Bütindünýä sergisini Ýaponiýa üçünji gezek, Osaka şäheri bolsa eýýäm ikinji gezek kabul edýär. «EKSPO» Bütindünýä sergileri Osakada 1970-nji ýylda, Nagoýa şäherinde bolsa 2005-nji ýylda geçirildi. Şu gezekki serginiň geçirilýän meýdançasy Osaka şäheriniň kenarýakasyndaky Ýumeşima emeli adasynda ýerleşýär. Tebigy gözelligi bilen tapawutlanyp, kiçeňräk şäheri ýatladýan bu ada syýahatçylyk üçinem giň mümkinçilikleri açýar.
«Gowy geljege ylham bermek» atly şygar bilen açylýan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binagärlik çözgütleri hakda hem aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň üç gatdan ybarat pawilýony milli arhitekturanyň hem-de döwrebap tehnologiýanyň utgaşmasyndan emele gelen özboluşly desgadyr. Eko görnüşinde guralan bu taslama «EKSPO — 2025-e» düýpli we ykjam taýýarlyk görlendiginden habar berýär. Onuň binagärlik aýratynlyklary bolsa türkmen halkynyň taryhy döwürlerinden, amaly-haşam sungatyndan we medeni mirasyndan ylham alýar. Şunda behişdi bedewleriň, haly gölleriniň, türkmen tebigatynyň, düýe kerweniniň, paýtagtymyzyň kaşaň binalarynyň keşbi okgunly ösüşi, ruhy-medeni mirasa belent sarpany, parahatçylygy we agzybirligi alamatlandyrýar.
Çar künjeginde geçirilýän «EKSPO - 2025» sergilerinde milli pawilýonlarymyzyň ýaýbaňlandyrylmagy ýurdumyzyň geçmişini, şu günini, innowasion ösüşiň täze mümkinçiliklerini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hakynda ygtybarly maglumatlary ýaýratmakda, umuman, Garaşsyz Watanymyzyň hakyky keşbini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda örän ähmiýetlidir.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň ilkinjileriň hatarynda geçirilmegi, ol ýerdäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda ýurdumyzyň hususy, senagat, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleriniň öz beýanyny tapmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar. Bu gün berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterýän, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmakda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlary aýdýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ýagmyr ÖDÄÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.