Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolan Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary barha ösdürýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa döwletine amala aşyran saparynyň netijeleri hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Saparyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy, dostlukly döwletleriň imperatory, ýokary ýolbaşçylary hem-de işewürleri bilen duşuşmagy däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze gözýetimlere ýol açdy. Döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bolsa dostlukly döwlet bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalara berlen ýokary bahanyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy hem bu hakykatyň nobatdaky tassyknamasydyr. Bu serginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen ýyla gabat gelmegem özboluşly ähmiýete eýedir. Çünki ykdysady ösüş, durmuş abadançylygy, adamzadyň röwşen geljegi — parahatçylyk hem-de ynanyşmak gymmatlyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň Bütindünýä EKSPO sergisiniň çäklerinde 14-nji aprelde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaralara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy iň ýokary derejede üns berýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «EKSPO — 2025» sergisinde eden çykyşynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidigini aýdyp, Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Bu günki gün umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekde, sebit we dünýä derejesindäki energetika, ulag we durmuş düzümlerini döredip, ykdysady ösüşi we abadançylygy gazanmakda aýratyn orun eýeleýän Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda özüniň Milli gününi geçirmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Çünki şunuň ýaly hormat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryna, hemem şol başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan nusgalyk işlerine goýulýan ýokary sarpanyň nyşanydyr. Bu işlere türkmen telekeçileriniň hem mynasyp goşant goşýandygy bizi diýseň begendirýär hem buýsandyrýar.

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini ilerletmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler tanyşdyrylýar. Şolaryň hatarynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň, husasanam, «Geljege Miras» hususy kärhanamyzyň ýokary hilli çalgy ýaglarynyň görkezilýändigini buýsanç bilen belläsim gelýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmeginde hususyýetçilere — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde hususy pudagyň öňünde ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler durýar. Biz — telekeçiler döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýarys, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşmak üçin yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleriniň, mümkinçilikleriniň netijesinde türkmen telekeçileri önümlerini diňe bir içerki bazarda ýerlemek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä ýurtlaryna eksport hem edýärler. Ýokary hilli çalgy ýaglarynyň 20-den gowrak görnüşini we polipropilen önümleriniň ençeme görnüşini öndürýän «Geljege Miras» hususy kärhanamyz hem «GM Oil» haryt nyşanly motor ýaglaryny Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Owganystan, Täjigistan ýaly ýurtlara eksport edýär. Ýaponiýa uzak ýyllardan bäri tehnologiýalar we innowasiýalar babatda dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Bu ýurtda geçirilýän bütindünýä derejesindäki iri sergä gatnaşmaga mümkinçilik döredilmegi biz telekeçiler üçin önümlerimizi we mümkinçiliklerimizi dünýä ýüzüne görkezmäge, şeýle-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. 

Eziz Diýarymyzda giň gerimli halkara sergileriň hem-de forumlaryň yzygiderli geçirilmegi, döwlet kärhanalarynyň we hususy telekeçileriň dünýäniň dürli ýurtlarynda guralýan ugurdaş çärelere işjeň gatnaşyp, milli haryt nyşanly önümlerimizi, ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, geljekki mümkinçiliklerini tanyşdyrmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlaýan syýasatyň rowaçlanmagyna goşant goşýar. Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine, forumlara gatnaşmagy ýurdumyza halkara bileleşige özüniň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Sözümiň ahyrynda milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdasym gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri mundan beýlägem rowaç alsyn!

Serdar HOMMADOW, «Geljege Miras» hususy kärhanasynyň esaslandyryjy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň müdiriýetiniň agzasy.