Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary ýurdumyzda giň gerimde dowam edýär. Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginde sagdynlygy, ruhubelentligi wagyz edýän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bitarap Türkmenistan saglygy goraýyş, sport ulgamynda gatnaşyklary barha işjeňleşdirýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününi bellemek, welosipedi jemgyýetçilik ulaglarynyň sanawyna girizmek baradaky Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bütindünýä saglyk güni berkarar döwletimizde giň gerimde bellenilýär. Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzda ynsan saglygynyň goralmagy ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn uly üns berilýär. Welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýat köpugurly we onkologiýa hassahanasy gurlup ulanylmaga berildi. Bu ýerde ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport parahatçylygyň gözbaşydyr. Sport ulgamynyň ösdürilmegi berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan dünýäde sport döwleti hökmünde giňden tanalýar. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlary, Amul-Hazar awtorallisi, agyr atletika, Tennis boýunça geçirilen sport ýaryşlary geçirildi. Geçen ýylyň maý aýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisinde Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip ykrar edildi. Bitarap Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde barha ýokarlanýan abraýy berkarar döwletimiziň sport ulgamynda amala aşyrýan beýik özgertmeleri bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary bilen türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belentde parladýarlar, ýurdumyzyň sport abraýyny arşa galdyrýarlar. Bu hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmaklyga gönükdirilendir. Munuň üçin ýurdumyzyň dürli künjeginde döwrebap sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu babatda ýaşlara aýratyn uly görelde görkezýär. Bu hem kalby buýsançly ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrýar. Döwletimiziň sport ulgamynda öňde goýan belent maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem netijeli işleri alyp barýarlar. Hususy pudagyň ähli ulgamlarda durmuşa geçirýän işleri hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi ösdürmäge döredip berýän mümkinçilikleriniň guwandyryjy netijeleridir. Häzirki wagtda welaýatymyzda telekeçilerimiz tarapyndan hususy türgenleşik zallary, hereket edýär. Olar döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, olarda bagtyýar ildeşlerimiz, aýratynam ýaşlar uly höwes bilen türgenleşik işlerini geçýärler. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Sagdynlyk we ruhubelentlik jemgyýetimiziň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglyk gününi uly ruhubelentlikde dabaralandyrmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan ýaşlaryň arasynda dürli sport ýaryşlary, maslahatlar, çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň Şabat etrap bilim bölümi bilen bilelike etrabyň 2-nji sport mekdebinde geçiren sport ýaryşy hem gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň dowamynda ýeňiş gazanan türgenlere partiýanyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem welaýatymyzda giň gerimde geçirilýän sport çärelerine partiýa komitetiniň agzybir işgärleri we agzalary işjeň gatnaşýarlar. Bu hem öz gezeginde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport ulgamy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerini partiýa agzalarynyň giňden goldaýandygyny we oňa işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, sporty ösdürmek babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda saglykda görüşmek miýesser etsin! Baýramyňyz gutly bolsun!
Maksut TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.