Toýlary toýlara ulaşýan diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda günüň-gününe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm seneler, taryhy wakalar bolup geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyz özüniň Bitaraplyk syýasatyny baş ýörelge edinip gün saýyn parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Abadançylygy, asudalygy bilen dünýä tanalan türkmen döwletiniň ykbalynda bu gün ýatdan çykmajak pursatlar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygynyň netijesinde, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy ikinji gezek kabul edildi. Şeýle-de, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi, birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnama bir agyzdan kabul edildi. Bu gurama agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. Bu taryhy seneler Dünýä ýüzündäki Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Milli Bitaraplygymyz türkmen döwletiniň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna uly goldaw berdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen döwletiniň işjeň ýagdaýda ýöredýän daşary syýasatdaky ugry tutuş adamzat tarapyndan oňlanylýar. Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Mermer paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde uly forumlaryň we wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny özüne çekýänligi we onuň oňyn netijeleri berýändigi bellärliklidir. Bu bolsa, Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki ähli döwletler bilen dostluk, birek-biregi goldamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda düzülen gatnaşygyny ösdürýär. Ýurdumyzyň köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýandygyny, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine önjeýli goşant goşýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty Döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar. Ýurdumyzyň abadançylyga beslenmegi, ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merdan NOWRUZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.