Adamlaryň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge dünýä derejesinde örän uly üns berilýär. Bu biziň ýurdumyz babatda hem şeýledir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglyk ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň saglygyny goramak hem-de ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasy bolup durýar.
Häzirki wagtda 200-e golaý döwletiň agza bolup durýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Tertipnamasy 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde güýje girdi we 1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.
Sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmegiň esasy maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda sport desgalarynyň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz dünýäniň nazarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän ýurt hökmünde tanalýar. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji maslahatynda her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Gündogaryň beýik akyldary dana atamyz Magtymguly Pyragy «Saglygyň gadryn bilgin hasta bolmazdan buryn» diýip dogry belläp geçýär. Ynsan üçin ýaşaýyşda iň gymmatly zat saglykdyr. Saglyk – baýlykdyr, saglyk – beglikdir. Her bir ynsan hassalyga duçar bolmanka öz saglygynyň aladasyny etmelidir. Saglyk – bu hiç hili bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda biziň güneşli Diýarymyzda adam hakynda edilýän aladalar bimöçberdir. Çünki sagdyn ynsandan sagdyn nesil kemala gelýär. Gurulýan sagaldyş-bejeriş desgalary, saglygy bejeriş we dikeldiş hassahanalary, sport toplumlary, saglyk merkezleri, dynç alyş merkezleri ýurdumyzda adam saglygy üçin edilýän aladalardyr. Ýurdumyzda her bir ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegine giň mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň saglyk ulgamynda dünýäniň ösen iň täze innowasion tehnologiýalary ulanylýar.
Her ýylyň 7-nji apreli tutuş ýurdumyzda saglyk güni şeýle-de 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şonuň bilen bir hatarda aprel aýy «saglyk aýy» diýlip atlandyrylyp, bu aý aýratyn ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Saglyk ýodalarynda pyýada ýörişler we welosipedli ýörişler guralýar, sport ýaryşlary, bäsleşikler geçirilýär.
Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň şol sanda gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Raýatlaryň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir.
Watanymyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.