Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

SAGDYNLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BAÝRAMY

Saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, bir söz bilen aýdylanda, bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. Asylly däbe görä, 7-nji aprelde eziz Watanymyzda Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçilýär. Halkara senä gabatlanylyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşyna deňelýän sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Eşretli eýýamymyzda lukman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda saglygy goraýyş we sport ulgamlary hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Şu jähetden, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolup, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap saglygy goraýyş düzümleri yzygiderli esasda açylyp ulanmaga berilýär.

Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Bu giň gerimli foruma dürli ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň abadan geljegi we durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýan asylly başlangyçlarynyň halkara giňişlikde gyzgyn goldanylýandygyny tassyklaýar.

Ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleri hem halkara derejede ýokary baha eýe bolýar. Muňa mysal edip,  Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegini, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegini, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagyny görkezmek bolar.

Ýurdumyzda saglyk bilen baglanyşykly amala aşyrylýan netijeli işler ekologiýa abadançylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar. Şeýle hem ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan jemgyýetiň täze ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam  etdirilip, halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Welosipediň jemgyýetdäki ähmiýetiniň artmagy bilen, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bilen bagly käbir rekordlaryň hem goýlandygyny bellemek gerek. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününde ir säher badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýöriş aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp, hakyky baýramçylyk ruhuna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýeren ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen sazlaşykly hereket edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdylar. Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerini, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sagdynlygy we sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bu çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyryp, oňa gatnaşyjylary ýoly üstünlikli geçmäge ruhlandyrdy.

Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary paýtagtymyz Aşgabat bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler ildeşlerimiziň sagdyn durmuş kadalaryna, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini bütin dünýä äşgär etdi.

Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.