Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

SPORT SAGLYGYŇ GÖZBAŞY

Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak — hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn işlerini hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirmegi bilen ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman kärhanalarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriň, sport mekdepleriniň birnäçe tapgyrynyň, uly-uly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn nygtarlyklydyr. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we dürli sport federasiýalary bilen ykjam hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, figuralaýyn typmak ýaly görnüşleri işjeň ösdürilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi hereket edýär. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. 2020-nji ýylda bolsa bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirildi. Munuň özi bolsa eziz diýarymyzda sporta goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

     Türkmen türgenleri bütin dünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz: «Sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada Türkmenistanyň Kanunlarynda, döwlet maksatnamalarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde-de öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan saglyk syýasatynyň esasyny düzýär. Indi döwletimiziň türgenleri sport ulgamynda hem dünýä ýüzünde birnäçe üstünlikli ýeňişleri gazanyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

     Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan kemala gelen ilkinji akylly şäher Arkadag şäherinde ýaňy ýakynda «Arkadag» futbol kluby bilen Hindi toparynyň «Ist Bengal» futbol kluby duşuşyk geçirdi elbetde bu duşuşykda türkmen türgenlerimiz üstünlik gazandylar we ýaşyl tugumyzy ýenede bir ýola belentden belende parlatdylar. Halkymyzyň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir. Ähli türkmen halkymyzy üstünliklerden üstünliklere alyp barýan sagdyn belent ruhly ýaş nesillerimiziň ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.