Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawlary esasynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 17 ýyl bäri ýurdumyzyň işewürlerini birleşdirýän iri düzüm hökmünde berkarar Watanymyzyň ösüşlerine, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilen özgertmelere goşant goşup gelýär. Hususyýetçileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde, telekeçilik taryh üçin gysga döwürde ýurdumyzda önüm bolçulygyny üpjün edýän ulgama öwrüldi. Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar amatly bahalary hem-de ýokary hili bilen içerki bazarda we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar.
Döwlet tarapyndan telekeçiligiň ösdürilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, bu ugurda kanunçylyk özgertmeleriniň amala aşyrylmagy, toplumlaýyn maksatnamalaryň kabul edilmegi netijesinde hususy pudagyň gerimi barha giňeýär. Soňky 10 ýylda hususy pudagyň wekilleriniň sanynyň 3 esse köpelendigi, 17 ýylyň içinde birleşmäniň agzalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüş depgininiň 160 esse, senagat önümleriniň öndürilişiniň 92 esse, ilata edilýän hyzmatlaryň ösüşiniň 49 esse artmagy ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiligiň bedew bady bilen ösýändigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda telekeçilige goldaw bermek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hususy eýeçilige bolan hukuklary goramagyň we kepillikleriň ygtybarly ulgamlaryny döretmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça amala aşyrylýan çäreler milli ykdysadyýetiň ösüşinde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň hem-de ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek maksat edinilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 17-nji martynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen giň gerimli sergi türkmen işewürleriniň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini aýdyň görkezip, hususy pudagyň geljekki gözýetimlerine nazar aýlamaga mümkinçilik berdi. Bu gün telekeçiler oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk, agrosenagat pudaklarynda, gurluşykda we gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde, söwda we hyzmatlar ulgamynda, ulag-logistika pudagynda guwandyryjy üstünlikleri gazanýar. Hususyýetçiler öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmäge, häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmaga, halkara standartlara kybap gelýän önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň esasynda importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligi yzygiderli artýar.
Ykdysadyýetiň islendik pudagynda bolşy ýaly, telekeçiligiň ösüşi hem maýa goýum işjeňligi bilen berk baglanyşyklydyr. Maýa goýumlar — ykdysady ösüşe itergi berýän esasy şertleriň biri. Şol sebäpden-de, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Önümçilik bilen ylmyň arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara çekilýän maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmek, işewürler we maýadarlar üçin özüne çekijiligi artdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryna degişlidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan serginiň çäklerinde 18-nji martda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum hem ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmak, döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Dürli ýurtlardan 100-den gowrak wekiliýeti jemlän forumyň dowamynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ýeten sepgitleri, telekeçileriň milli ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy, hususy önüm öndürijileri goldamak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty giňişleýin tanyşdyryldy.
Halkara forumyň umumy mejlisi «Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösüşleri: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler» diýen mowzuga bagyşlanyp, onda telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny artdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagynyň, maýa goýumlar babatda ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýändigini bellemek gerek. Telekeçiler tarapyndan karz serişdeleriniň, çekilen maýa goýumlaryň hasabyna dürli pudaklarda degişli desgalar yzygiderli gurulýar, täze zawod-fabrikler işe girizilýär. Döwrebap kärhanalarda öndürilýän önümleriň hasabyna içerki bazar dürli görnüşli önümler bilen üpjün edilip, olaryň eksporta iberilýän möçberleri-de artýar.
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň kompaniýalarynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyklara, özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekilmegi, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilip, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlaryň kesgitlenilmegi «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň netijeli häsiýetde geçendigini tassyklaýar. Bir söz bilen aýdylanda, bu gezekki halkara maýa goýum forumy köpugurly gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açmakda, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga täzeçe itergi berjek möhüm meýdança öwrüldi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli serginiň hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegini hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynyň belent maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm ädimleriň biri hökmünde häsiýetlendirip bolar. Ýeri gelende bellesek, hemişelik Bitaraplygymyzyň öňe sürýän gymmatlyklary halkara hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, telekeçiligiň we işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegini hem göz öňünde tutýar. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy martda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda eden çykyşyndaky: «Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir» diýen sözlerinde hem aýdyň şöhlelenýär.
Eziz Watanymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar günleriniň dowamat-dowam bolmagy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary rowaç bolsun!
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.