Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AGZYBIRLIK - ASUDALYK MEKANY

Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, beýik Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar. Ähli zadyň sakasyny saglyk, ähli üstünlikleriň açaryny agzybirlik hasaplaýan mähriban halkymyz «Halkara — parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan tutmaga taýýarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz, agzybirlik bilen baky baharyň zamanasynda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda bagtyýar ýaşaýar. Milletiň bagtyýar ýaşamagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, agzybirlik, jebislik we rahatlyk ýaly durmuş gatnaşyklary zerur.

Halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleriniň biri bolan agzybirlik we jebislik adamlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýar. Bagtyýarlygyň özeni bolan agzybirlik dünýäniň asudalygyndan nurlanýar. Şonuň üçin hem halkymyzda agzybirlik diýen düşünje Asman ýaly giň, baýdak ýaly belent tutulypdyr. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyna ýüzlenip göreliň. Kitabyň diňe bir «Agzybirlik» diýlip atlandyrylan bölüminde däl, eýsem, kitabyň tutuş esasynda hem döwletlilik, agzybirlik, jebislik ýörelgesi ýatyr. Bu ajaýyp eserde milletimiziň ruhuna kybap döwrüň wakalary tymsallaryň we durmuş hakykaty bilen bagly rowaýatlaryň üsti bilen öz beýanyny tapýar. Bu kitaby okanyňda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren edebi çeşmeleriniň gymmatyna, onuň terbiýeçilik ähmiýetine doly göz ýetirýärsiň. Çünki milletiň baky we dowamly ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri özüniň manyly sahypasy bilen saklanyp galandyr. Adamzat dünýäsi olary kalbynda, aňynda müdümilik  saklap, şu günlere ýetirýär. Halkymyzyň arasyndaky agzybirlik baradaky parasatly pähimleriň, milli güýjüň, milli ruhuň, öwüt-ündewleriň belent-belent sepgitlerden ençeme menzil aşyp, şu günlere gelip ýetendigine örän buýsanýarys. «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl», «Döwletlilik — agzybirlik, bidöwletlik — agzalalyk» ýaly atalarymyzyň paýhasynda ynsan durmuşynyň, eşretiniň özeninde agzybirligiň hem-de jebisligiň has giň ornaşandygy nygtalýar. Munuň özi agzybirlik we jebislik hakyndaky ruhubelent duýgulary ynsan köňlüne doldurýar. Çünki söz bilen emele gelen paýhaslar her bir ynsana özüniň maddy hem ruhy güýjüni eçilýär. Sözüň keramaty adamzat jemgyýetinde ynsan gatnaşyklarynyň hereketde bolýandygyny we ýaşaýandygyny kesgitleýän bolsa, halkyň dowamat-dowamy, durmuş ykbaly agzybirlik hem jebislik bilen kesgitlenilýär.

Agzybirlik ähli döwürlerde-de, şonuň bilen birlikde häzirki döwürde-de esasy zerurlyk bolup galýar. Sebäbi agzybirlik asuda ýaşaýşyň, rysgal-berekediň gözbaşy. Türkmen edebiýatynyň görnükli söz ussatlarynyň döredijiliklerinde hem agzybirlik temasyna uly orun berlipdir. Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna beslän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde agzybirlik we jebislik hakyndaky şygyrlary uly orny eýeleýär. Ol öz ýurduny, halkyny ýürekden söýüp, türkmeniň berkarar döwlet gurup, agzybirlikde, asudalykda, jebislikde rahat ýaşamagyny arzuw edipdir.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýmek bilen, özbaşdak döwlet gurup, agzybirlikde ýaşamagy adamlaryň aňyna ornaşdyrypdyr. Sebäbi agzybirlik ýaşaýşyň gözbaşy, köki, özeni. Şeýle hem meşhur «Görogly» şadessanda türkmen halkynyň özbaşdak döwlet gurmak, erkin ýaşamak baradaky päk isleg-arzuwy Göroglynyň batyrlyk, mertlik ýaly häsiýetleri bilen birlikde öz kyrk ýigidiniň agzybirligi mysalynda amala aşyrylypdyr. Görogly öz kyrk ýigidi bilen Çandybili we onda ýaşaýan halky gözüniň göreji dek goraýar. Çandybil ýurdunyň diňe özüne mahsus ýaşaýyş aýratynlygy bar. Onda deňlik, agzybirlik, jebislik höküm sürýär. Şoňa görä-de, nusgawy edebiýatymyza salgylanýan biziň häzirki döwlet ähmiýetli ýol-ýörelgelerimiziň esasynda Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Keminäniň agzybirlik akabasynyň ýatandygy hakykatdyr. Olaryň şygryýet dünýäsiniň taryhy we edebi esaslary agzybirlik hakyndaky pelsepelerden durýar. Şonuň bilen birlikde edebi mirasymyzyň millilik taraplary, ähmiýeti, beýik Garaşsyzlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemekdäki, olaryň ruhuny baýlaşdyrmakdaky tutýan orny uludyr.

Agzybirlikde ädilen ädimler, başlanan tutumlar ynsan kalbyny birek-birege mäkäm baglaýar we ol adalatlylyga, parahatçylyga badalga bolýar. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, ýaşamak — sungat, agzybir ýaşamak bolsa beýik sungatdyr. Agzybirlik atly beýik ýörelgäniň özenini düzýän arkalaşmak, ynanyşmak, düşünişmek, hormat-sarpa türkmen halkynyň ata-baba zandynda bar häsiýetlerdir. Türkmenleriň anyk ýörelge edinýän agzybirlik we jebislik syýasaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi olara orta asyrlarda dünýäniň dürli künjeklerinde 70-den gowrak ululy-kiçili döwleti, şol sanda beýik soltanlyklary gurmaga kömek edipdir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agzybirlik, jebislik ýörelgesi ynsan kowmunyň parahatçylykly, agzybirlikli durmuşynyň owazy bolup ýüreklere ýol salýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işlerini amala aşyrmakda, nesillerde ruhubelentlik, watansöýüjilik, agzybirlik, mertlik, gaýratlylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik ýaly häsiýetleri kemala getirmekde, ýaşlarda ýagşy gylyklary terbiýelemekde topraga, ene-ata, dost-ýara söýgi döretmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi bolsa delil talap etmeýän hakykatdyr.

Türkmen halkyny asuda abadan parahat ýurtda işlemäne okamana döretmäne uly – uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

 Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.