Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HALK BÄHBITLI ÖZGERTMELER

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlylygynyň alamatydyr. Şunda telekeçileriň gazanylýan ösüşlere goşýan goşandy hem uludyr. Milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy pudakda alnyp barylýan netijeli işler örän buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr» diýip, hususy pudakda alnyp barylýan işlere ýokary baha berýär. Türkmen işewürleriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça gazanan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp bahar paslynyň ilkinji aýynda uly dabara bilen bellenilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli giňden ýaýbaňlandyryljak sergide öz beýanyny tapar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda il-ýurt bähbitli işleri alyp barýan işewürleri höweslendirmek hem-de goldamak meselesi hormatly Prezidentimiziň mydama üns merkezinde durýar. Türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan Mary welaýatynyň telekeçileri hem bazar ykdysadyýetine esaslanýan giň gerimli özgertmeleri we maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da hususy ulgamda guwandyryjy üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl tejribeli telekeçi Begenç Orazowyň ýolbaşçylygynda Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan iri we ownuk şahly mallaryň soýum gassaphanasynyň hem-de «Berk önüm» hususy kärhanasy tarapyndan Wekilbazar etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan poliefir we polipropilen süýümini öndürýän kärhananyň açylyş dabaralary boldy. «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy tarapyndan Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 1-nji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Önüm öndüriji telekeçiler azyk we senagat önümleriniň täze görnüşleriniň ýüzlerçesini alyjylara hödürläp, ak bazarlaryň dürli harytlar bilen baýlaşmagyna goşant goşdular. Welaýatyň telekeçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgatly barmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna goşant goşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.

Myratgeldi ANNAÖWEZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.