Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilýän tagallalar rowaçlyklara beslenýär. Bu işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy işewürler hem mynasyp goşant goşýarlar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 17 ýyl dolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şanly sepgitlere ýetýär. Ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmekde, innowasiýalary goldamakda we olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmakda hususy işewürlere möhüm orun degişlidir. Bu gün hususyýetçilerimiz ýurdumyzyň önümçilik-ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde we döwrebaplaşdyrmakda, senagat binýadyny kämilleşdirmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
Häzirki wagtda ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy esasynda ähli pudaklarda oňyn makroykdysady görkezijiler gazanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk we oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçiler milli ykdysadyýetiň agrosenagat pudagyny ösdürip, azyk bolçulygyny artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Oba hojalykçy telekeçilerimiz bazarlarymyzy mal, guş etleri, balyk we balyk önümleri, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, şöhlat, konditer, çörek we çörek önümleri, agyz suwy, alkogolsyz içgiler hem-de miwe şireleri, ösümlik ýagy, bugdaý, pagta, gök-bakja, azyklyk däneleri, miweler we üzüm, gaplanan önümler, ary baly, nahar duzy bilen doly üpjün edýärler.
Häzirki wagtda telekeçilerimiz oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän, ir ýetişýän täze görnüşlerini ekýärler. Şunda ulanylýan innowasion usullar bol hasylyň we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň girewi bolup hyzmat edýär. Umuman, ekinlere ideg etmek we olardan bol hasyl almak ugrundaky çäreleriň ählisi ylmy esasda alnyp barylýar.
Kuwwatly ykdysadyýetiň esasy sütünleriniň biri senagat pudagydyr. Şonuň üçin milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat we himiýa önümçiligi bilen meşgullanýan agzalary täze, döwrebap önümçilik kärhanalarynyň ençemesini gurup, üstünlikli dolandyryp döwlete dahylsyz ulgamyň kuwwatly senagat binýadyny döretdiler. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ýokary tilsimatly tehnologiýalar ornaşdyrylan hususy kärhanalarda ýerli çig malyň hasabyna ýokary hilli senagat önümleri öndürilýär. Şonuň netijesinde, halkymyzyň sarp ediş we azyk harytlary bilen üpjünçiligi günsaýyn ýokarlandyrylýar.
Soňky ýyllarda telekeçilik işi gurluşyk senagatynda hem netijeli ugurlaryň birine öwrüldi. Bu gün türkmen gurluşykçylary milli binagärlik däplerimiz esasynda binalaryň, desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda we gurluşygyny alyp barmakda, şeýle-de gurluşyk serişdelerini öndürmekde belent sepgitlere ýetdiler. Ýerli kärhanalar iri gurluşyk taslamalaryny, häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hemde medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýurdumyzda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu üstünliklerde hususy ulgamyň wekilleriniň mynasyp goşandy bardyr. Sebäbi desgalaryň aglaba bölegi milli binagärlerimiz, ýagny hususy gurluşyk kärhanalarymyz tarapyndan bina edildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze üstünlikleri nazarlaýan hususy pudagyň wekilleri şeýle bagtyýar zamanada halal zähmet çekmek, Watanymyzyň ösüşlerinde mynasyp goşant goşmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.
Sultan ATAKIŞIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.