Müň dokuz ýüz togsan birinji ýylyň güýzünde türkmeniň baky bagt daňy atdy. Ata Watanymyz – mähriban Türkmenistan döwletimiz müdimi Garaşsyzlygyna eýe bolup, bimöçber bagtyýarlyga eýe boldy. Ýurdumyz 1995-nji ýylda bolsa, hemişelik Bitaraplyk derejesini gazanmak bilen, dünýäde parahatçylyk ugrunda göreşiji özbaşdak döwletiň kemala gelendigini äleme jar etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şeýle ajaýyp ösüşleriň, özgerişleriň ýyly boldy.
Şeýle ajaýyp ösüşleriň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyly mynasyp at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan gözbaş alyp, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň bir agyzdan goldanylmagy we halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýylymyzyň ady „Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly“ diýlip yglan edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ajaýyp üstünliklere beslän halkymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda gadamlary has hem batlanýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp sowgat bilen şöhratlandyrmak ugrunda göreşýän halkymyz häzirki döwürde ýokary zähmet joşguny bilen döredýär, gurýar, öňürdýär. Munuň özi bolsa, 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has hem ajaýyp sepgitlere ýetiljekdigini aňladýar.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli ildeşlerimizi diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Parahatçylyk we ynanyşmak – bu iki düşünje adamzat üçin iň zerur düşünjeler bolmak bilen, biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly hem bize öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge badalga bolýar. Munuň özi ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine uly goşant bolup, şol bir wagtyň özünde ýaş nesillerimize parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatymyzy, umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlarymyzy düşündirmäge borçly edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýlarynyň ýeňişli menzilleri şu ýylda-da uly ýeňişleriň ýar boljakdygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça bäsleşikde Sakarçäge etrabynyň ýeňiji diýlip yglan edilmegi etrabyň ýaşaýjylarynda guwanç duýgusyny döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty özüniň parahatçylyk söýüjilikli aýratynlygy bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Halkara ähmiýetli beýik başlangyçlary giň goldawa eýe bolan Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarly üstümizdäki ýylda-da bu ugurda uly üstünliklere eýe bolunjakdygy täze sepgitlere ruhlandyrýar.
Goý, biziň eziz Watanymyzy gülledip, bizi şeýle bagtyýar döwürde ýaşamak bagtyna eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary anam bolup, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Myratgeldi Annaöwezow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.