Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DÜNÝÄNIŇ GÖRKI WE DURKY MÄHREM ENELER

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şanly wakalara beslenýär. Şeýle hem Watanymyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň ählisine, şol sanda pensiýadaky enelere, öý hojalykçy we işleýän zenanlara, talyp gelin-gyzlara, okuwçy hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe gyzlarymyza pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna, şeýle hem akylly şäher konsepsiýasyna esaslanýan ilkinji akylly şäher Arkadag şäherinde ýaşaýyş üçin ýokary amatlyklary we şertleri, mümkinçilikleri bolan täze öýleriň berilmegi bu günki gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar günine ýurdumyzyň zenanlaryna gelin-gyzlaryna ýatdan çykmajak sowgat bolýar.

Zenan diýlende, ilki bilen ahlak taýdan arassa, merdem, parasatly, ojak eýeleri göz öňüňde janlanýar. Zenanlar bahar paslynyň ýazlaryna deňelýär. Bu pasla mahsus ähli ajaýyplyklar mährem gelin-gyzlaryň häsiýetlerinde jemlenýär. Olaryň gülden görkli nurana ýüzleri, jana ýakymly şirin sözleri, melhem ýaly mylaýym elleri umuman, tebigatyň ähli gözelliklerini olaryň päkize gözlerinden görmek bolýar. Biz dünýäde bar bolan mukaddeslikleriň ählisini zenanlarymyza deňeýäris. Çünki diňe zenanlar mukaddesliklere deňelmäge mynasypdyrlar. Kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda özleriniň saldamly goşandyny goşýan zenanlarymyzyň baýramçylygy her ýylyň 8-nji mart Halkara zenanlar güni hökmünde dünýäniň ähli sebitlerinde halkara derejesinde giňden bellenilip geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty uludyr. Zenanlar dessanlaryň, rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we söýgi baradaky gazallaryň, kalplarda orun alan halk aýdymlarynyň gahrymanlarydyr. Ussat zergärler gymmat bahaly daşlardan şaý-seplerini, joşgun bilen döreden gaýtalanmajak sungat eserlerini zenanlara bagyşlapdyrlar. Zenanlardan ylham alyp döredilenleri sanap geçmek halkyň, ýurduň taryhyny beýan etmegi aňladýar. Ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir. Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelipdir. Eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň dili bilen aýtsak, biz enäni «dünýäniň görki we durky» hasaplaýarys. Iň bagtly perişdeler Zemine inip, enä öwrülermiş diýen rowaýatyň bardygyny belläp geçdi.

Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasaplanylýar. Çeper elli türkmen zenanlarynyň tagallasy arkaly özüniň nepisligi we gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarydyr ajaýyp keşde-nagyşlary bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserleri hökmünde biziň günlerimize ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ene-mamalarymyzdan günümize gelip ýeten ajaýyp türkmen halylarymyz milli gymmatlygymyz bolmak bilen, ýaş nesillerimize dowam bolmagy ugrunda birnäçe ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şeýle ajaýyp işleriň biri hem dünýäni haýrana goýýan täze şäher Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hem-de çeper el halysynyň kärhanasynyň gurluşygynyň türkmen telekeçilerimiz tarapyndan alynyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli alyp barýan ägirt uly işleriniň netijesinde bu kärhanada gelin gyzlarymyza birnäçe täze iş orunlary dörediler, şeýle hem ene-mamalarymyzdan günümize ýetip gelen asylly däplerimiziň dowam etmegi ugrunda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylar.

Zenanlarymyza şeýle uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.