Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanyp taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şeýle ajaýyp ösüşleriň, özgerişleriň ýyly boldy.
Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de geçen ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy bütin halkymyzyň, aýratynda döredijilik adamlarynyň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän bu eser akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen çäreler, dabaralar hakynda söz açmak bilen kitabyň her bir jümlesi dil baýlygy, çeperçiligi bilen aýratyn tapawutlanýar.
Ajaýyp ösüşleriň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyly mynasyp at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan gözbaş alyp, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamanyň bir agyzdan goldanylmagy we halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýylymyzyň ady “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.
Elbetde, ýurdumyz gysga taryhy döwrüň içinde syýasy durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolup, dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme halklary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary ýola goýdy. Bu gatnaşyklaryň özenini bolsa oňyn Bitaraplyk syýasatymyz netijesinde alnyp barylýan adalatlylyk, deňhukuklylyk, birek-biregi goldamak, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatsöýüjilik, ynanyşmak ýaly ynsanperwer ýörelgeler düzýär. Şeýle oňyn hyzmatdaşlyklaryň netijesinde bolsa iki ýurduň hem ykdysady, syýasy, medeni taýdan ösmegine uly itergi berýär.
«Beýik dag uzakdan görner» diýlişi ýaly, halkara şertnamalaryna ygrarly, agzybir halky, dostana, beren sözünde durýan ýurtlaryň halkara guramalarda-da abraýy uly. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar we Ýer ýüzünde ýokary abraýdan peýdalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň iri guramalar bilen hyzmatdaşlyk saklamagy, başlyklyk etmegi, guramalaryň mejlislerindäki taryhy çykyşlary aýdyň mysaldyr.
Bagtyýar halkymyz bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde baýram eder. Bu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Baky bagty peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk, rehimdarlyk, parahatsöýüjilik, ynanyşmak, adalatlylyk, birek-biregi goldamak, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere eýerýän hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli döwletleri işleri üstünliklere beslensin!
Goý, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyňyz şowly, gadamlaryňyz batly, üstünlikleriňiz dowamly bolsun!
Il-gününi ajaýyp ertirlere sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentim Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Röwşen GELDIMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.