Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

           Söz mülküniň hökmürowany, şygryýet äleminiň ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Ykbalynyň ugran işi oň görner» diýip jaýdar belleýşi ýaly, beýik şahsyýetlere mahsus çuň danalyk duýgusyny özünde jemleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap amala aşyran beýik işleriniň netijesinde, bagtyýar türkmen halkymyzy  röwşen geljege sary alyp gitmek üçin yzygiderli tagallalar edendigini biz her ädimde duýduk. Bu gün bolsa peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn özgertmelerinden ybarat bolan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de bu iri möçberli özgertmelerde öz hakyky beýanyny tapandygynyň aýdyň şaýady bolýarys. 

         Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatçylyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp söz bar. Şeýle sözlerden ruhlanýan bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni, her bir pursady taryhy wakalara, şatlykly senelere beslenýär. Her bir günüň toýa, her bir pursadyň ýakymly wakalara utgaşýan zamanynda ýaşamagyň lezzeti barada söz açanymyzda, eziz Diýarymyzyň özgerişli keşbiniň ajaýyp goýnuna dolýarsyň. 

          Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şonuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, döwrümiziň şanyna-şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli halkymyzy ylaýtada, bagtyýar türkmen telekeçilerini geljek 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. 

         Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ähli umumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Aslynda, ýurdumyzyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.  Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, şunda hukuk we intstitusional gurallara esaslanylmalydygy äşgärdir. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjyny öňe sürdi. Biz muny ХХI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşynyň garaýyşlar we ýörelgeler ulgamy hökmünde görýäris. Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. 

         Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy döwletara gatnaşyklaryň bar bolan hakyky ýagdaýlary we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek  üçin niýetlenendir. Şol sebäpli, Türkmenistan agzalan strategiýany konsepsional esasda işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegi logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplanýar. Oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny goşmak teklip edilýär, hususan-da: 

 - öňüni alyş diplomatiýasy, dawalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin gural hökmünde (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72/7, 75/272 we 77/273 belgili 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde, 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda kabul eden «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly kararnamalaryň esasynda); 

- bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi üçin (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda  we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 belgili «Halkara Bitaraplyk güni» atly Kararnamalarynyň esasynda);

- ynanyşykly dialog medeniýetini dikeltmek (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky 73/338 belgili «2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2022-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky 77/32 belgili «2023-nji ýyl- Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalary).

         Şeýlelikde, Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze guraly döretmek pikirini teklip etmek bilen, BMG-niň dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwrüň kynçylyklary we olary ýeňip geçmegiň ýollary baradaky garaýyşlaryny berýän edýän halkara hukuk binýadyna berk esaslanýar. 

         Goý, ata Watanymyzy mundan beýläkde gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Rano AHMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.