Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Şunda hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir. Pähimdar pederlerimiziň il-günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen parahatsöýüjilik, dostlukly gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlarys. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetliligiň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk — halkymyzyň ruhy dünýäsine, ahlak gymmatlyklaryna ornaşan taglymat. Ol döwletimiziň, halkymyzyň abraý-mertebesini tutuş äleme ýaýdy, ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam etdi, asudalykda, agzybirlikde ýaşamaga giň ýol açyp, ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerimizi dünýäde giňden dabaralandyrdy.
Ählimize mälim bolşy ýaly, taryhy çykyşlara ser salanymyzda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu Kararnamalaryň döwletimiziň, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalyk hökmünde ykrar edilendigini görkezýändigini, geçen 30 ýyla golaý döwrüň içinde ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýup, dünýäniň ähli döwletleri bilen asylly ýörelgelere esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny alyp barýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu bolsa ýurdumyzyň beýik başlangyçlarynyň dünýäde ykrar edilýändigini aýdyň beýan edýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly beýik taglymaty dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyz hoşniýetli parahatçylyk söýüjilikli ýoly bilen dünýäde belent mertebä eýe bolýar, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamasyny öňe sürülip we ol resminama 86 döwletiň dörediji bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edilmegi uly mana eýedir.
Türkmenistan 2025-nji ýylda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan çagyryşdyr. Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, hukuk we institusional gurallaryna esaslanmalydygy äşgärdir. Şu logika esaslanyp, Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby-syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar. Şundan ugur alyp, Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasy bar bolan hakyky ýagdaýlary we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän döwletara gatnaşyklarynyň täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şol sebäpli, konsepsiýa babatynda Türkmenistan agzalan strategiýany işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki we kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwleti Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.