Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BITARAPLYK HUKUK DEREJESI TÄZE MANY-MAZMUNA EÝE BOLÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen öňe barýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen baglylykda her ýyly döwrebap atlandyrmak bagtyýar zamanamyzyň asylly däbine öwrüldi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara giňişlikde täze many-mazmuna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň we diplomatiýasynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşmegine aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky ösüş-özgertmeleri rowaçlandyran täze taryhy döwür döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny hem öz içine alýar. Türkmenistan bu gün özüniň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri bilen yklymlaryň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen täzeçe many-mazmuna eýe bolan gatnaşyklary ýola goýýar. Bu gatnaşyklar türkmen halkynyň has-da eşretli günlerde ýaşamagyny üpjün etmäge, onuň halkara abraýyny öňküsinden-de ýokary götermäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyz: «Dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biri bolup durýar» diýip belleýär. Türkmenistan köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bilen, global syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki proseslere işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan täzeçil başlangyçlarynyň netijesinde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky orny hyzmatdaşlygyň  täze gözýetimlerini we gerimlerini kesgitlemekde wajyp häsiýete eýe bolýar. 

Türkmen halky hoşmeýillilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerýär. Muny gudrat döredýän türkmeniň gazma dutary bilen gylyçdan üstün çykyp, ýeňiş gazanan Şükür bagşynyň mysalynda hem görmek bolýar.

         Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hyzmat edýär. Parahatçylyk – ählumumy howpsuzlyk, umumadamzadyň asuda, rahat durmuşynyň, bagtyýar ýaşaýşynyň kepili. Parahatçylykly, ylalaşykly ýaşamak – dünýäniň sazlaşygy, ähli ynsanlaryň isleg-arzuwy, köňül-küýsegi. Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetli gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň girewi. Bu günki gün dost-doganlygy ündeýän, dünýäde parahatçylygy ýaýýan, dostluk kömegini berýän, ynsanperwerligi baş maksat edinen hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen nusga bolup bilýän döwletimiziň abraýy barha artýar. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýerip, yzygiderli parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ählumumy ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi Merkezi Aziýa sebitiniň we bütin dünýäniň umumy abadançylygyna, parahatçylyga, howpsuzlyga, adamlaryň bähbitlerine hyzmat edýär. Şeýle-de hemmetaraplaýyn durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýetli guraldyr. Munuň özi, aýratyn hem, öz ýaşaýan sebitimizde abadan, parahat durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda aladalanmak bilen, hemişelik Bitaraplyk derejesini has-da berkidýän ýörelgedir.

         Ýurdumyz dünýädäki ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine önjeýli goşant goşýar. Oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine  gönükdirlen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar we ykrar edilýär.

         Jemgyýetdäki gatnaşyklarda adamlaryň aň-düşünjesi näçe giň, ahlak ýörelgeleri arassa, ynam-ygtykatlary sagdyn boldugyça hukuk gatnaşyklary kämil bolýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda birek-birege sylag-hormat goýmak, agzybirlik, adalatlylyk, dogruçyllyk, lebze wepalylyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa öz gezeginde tutuş jemgyýetiň aňyýetiniň sagdyn, kämil we tämiz bolmagyna getirýär. Jebislik, agzybirlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik höküm sürýär jemgyýetde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasynda sazlaşykly ösüş gazanylýar. Bu sazlaşyk, jebislik bolsa dünýä bileleşiginiň beýleki jemgyýetlerine hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde hem tutuş adamzadyň gymmatlyklar hazynasy giňeýär, bütin dünýäde dost-doganlyk ruhy artýar.

         Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetirmegine giň ýol açdy. Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkyny hemmetaraplaýyn üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek ugrunda tapgyrlaýyn işleri toplumlaýyn alyp barmaga hem mümkinçilik döredýär.

         Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň has-da işjeňlik häsiýetlidigini sebit derejesinde durnuklylygy, howpsuzlygy, abadançylygy parahatçylygy üpjün etmekde oňyn täsirini ýetirip, durmuşda hakykat ýüzünde subut edip gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli, ylalaşdyryjy, hoşniýetli ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy gazanmaga gönükdirlen oňyn syýasatyny durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan tutuş dünýä üçin möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadydyr.

         Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmeginde hem uly many bar. Bu bolsa biziň taryhymyzda we şu günümizde bolşy ýaly, geljekde hem türkmen döwletiniň sebitde parahatçylygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, asudalygy gorap saklamakda uly tagallalar etjekdigini ýene bir ýola tassyklaýar. 

         Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurtda bagtyýar Diýarymyzda aýdym bolup gelýän arzyly ýyllaryň gujagyna ýaşamak, işlemek, döretmek we gurmak agzybir halkymyz üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan türkmen halky üçin bolsa şeýle taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. 

         Hormatly Prezidentimiziň saýasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistan döwletimize ösüşlerdir ýeňişler ýaran bolsun!

         Goý, halkymyzyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! 

Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.