Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEHIŞDI BEDEWLERIMIZIŇ BELENT ŞÖHRATY

Halkymyz bedew aty döwletliligiň nyşanyna deňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň  we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda atçylyk sungatynyň, atly sportuň dürli ugurlary ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde, 19-20-nji ýanwarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp miwesidir. Monakonyň Monte-Karlo şäherinde her ýyl geçirilýän halkara festiwal 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşa çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda milli sirk sungaty täzeden dikeldildi we 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady. Munuň özi häzirki zaman türkmen sirk sungatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy.

«Galkynyş» toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Ýeri gelende  bu toparyň 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilendigini bellemek gerek. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II Halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda Baş baýraklara mynasyp boldy. Bu toparyň 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy Türkmenistanyň halkara sport abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy.

Watanymyzyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan «Galkynyş»milli at üstündäki oýunlar topary şöhratly mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. 

Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji gezek geçirilen sirk festiwalynyň çäklerinde-de halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Birnäçe günläp dowam eden tomaşalaryň netijesinde, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary festiwalyň Baş baýragyna mynasyp görüldi. Şeýle-de toparyň agzalaryna ýaş ýetginjek eminleriň ýokary bahasyny we festiwalyň tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanandygy bilen bagly baýraklar gowşuryldy. Italiýanyň «Moira Orfei», Hindistanyň «Rambo» sirkiniň ýörite baýraklary hem şol sylaglaryň üstüni ýetirdi. Şunlukda, nesip bolsa, «Galkynyşyň» agzalary bu giň gerimli sirk baýramçylygyndan jemi 5 baýrak bilen Watanymyza dolanyp geldiler.

Türkmenistanda meşhur behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, baş edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary hem-de ganatly bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanylan ýeňiş şanly ýylda eziz Watanymyzyň abraýyny has-da artdyryp, il-ulsumyzyň göwnüni ganatlandyrjak hoş habarlaryň köp boljakdygyny buşlaýar.

Atajan ATAJANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.