Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyga, asudalyga, hoşniýetlilige beslenýär. Köküni Oguzhandan alyp gaýdýan türkmen halkymyz hoşniýetlik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýeti bilen dünýä tanaýar.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanylýan daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, milli bähbitleriň goraglylygyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan bu dostlukly gatnaşyklar we özara bähbitli hyzmatdaşlyklar barha giňeýär.
Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi ata Watanymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň özeni, onuň mizemez daýanjy bolup durýar. Bu hormatly derejä eýe bolmagy bilen, özygtyýarly Watanymyzyň abraýy has-da artdy we pugtalandy. Bitaraplyk ilkinji nobatda, ýurdumyzda asudalygyň we abadançylygyň höküm sürmegine şert döredýär. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam goýmak bilen, içeri syýasatda hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyryp, dünýäniň iň ösen we öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşuldy.
Bitaraplyk syýasaty - Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary umumyadamzat gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmakda, dost-doganlygy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmekde, sebitde meseleleri çözmekde möhüm şertleri döredýär. Jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy pugtalandyrmagyň, sebitiň, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasaty ýöretmek, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň esasy özeni bolup durýar.
Bitaraplyk syýasaty - dünýäde deňi-taýy bolmadyk syýasy hukuk dereje bolup, halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplygy gün-günden berkäp, daşary syýasatyň esasy hökmünde dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk we ynanyşmak gatnaşyklary üstünlikli ýola goýdy. Bu bolsa dünýä ýurtlarynyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegine, olaryň arasynda ykdysady-syýasy we medeni hyzmatdaşlyklary pugtalandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitabynda «Häzirki döwürde dünýä-de gapma-garşylyklaryň güýçlendirilmegine, sütem we zorluk etmegiň has-da artmagyna garşy goýup boljak güýç hakynda pikir etmek bilen, men ähli ýurtlaryň eýeleýän meýdanyny, ykdysady we durmuş görkezijileri, syýasy-guramaçylyk derejesi, dili we medeni dessurlary, ruhy dünýäsi we milli ähmiýeti boýunça dürli-dürlüdigini bellemek isleýärin. Olaryň her biriniň öz geçen taryhy ýoly, öz toplan tejribesi bar. Ýöne şol ýurtlaryň medeniýetleriniň kökleri bir we bitewi bolup durýar. Şoňa görä-de, diňe şu birlik we bitewülik dünýä düzgünleriniň täze, has-da adalatly we parasatly ulgamyny emele getirmek ýaly çylşyrymly wezipäni çözmäge mümkinçilik berer» diýip örän jaýdar belläp geçýär.
Türkmen Bitaraplygynyň Garaşsyz diýarymyzdan dünýä uzaýan kökleri dünýäniň hem adamzadyň baky parahatçylygydyr. Şol parahatçylygyň belent sütünleri bolsa, dostluk-doganlykdyr, ynsanperwerlikdir, hoşniýetlilikdir, ynamly hyzmatdaşlykdyr, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklardyr. Adamzadyň parahatçylykly, abadan, agzybir ýaşaýşyna gönükdirilen halkymyzyň ýürek arzuwlary bitewi, umumy öýümiz bolan Ýeriň ýüzünde ýürekleri ýüreklere, ykballary ykballara birleşdirmegiň aýdyň ýoluny açýan dünýäde ykrar edilen hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän syýasy taglymatynyň baş ugrydyr.
Halkara Bitaraplygymyzyň şanly toýy bütin Ýer ýüzüne adamzat bagtyýarlygynyň beýany bolup ýaň salýar. Bagtyýarlyk şuglalary bolsa halkymyzyň ýüregindäki eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgini, buýsanjy has-da joşdurýar.
Ýene sanlyja günden döwletimiz Halkara Bitaraplygynyň 29 ýyllyk toýyny toýlaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen birlikde Halkara Bitaraplygymyz halkymyzyň asudalykda, agzybirlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna giň ýol açdy. Ýurdumyzda asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlara eýerilip, goňşy halklar bilen dostluk gatnaşyklar saklanylýar. Ähli ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýy mynasybetli külli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şeýle parasatly başlangyçlary, oňyn özgertmeleri arkaly türkmen halkyny galkyndyrýan, bütin dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagy, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.