Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HUSUSY PUDAGYŇ BATLY GADAMLARY

Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemlemek, Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyly zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçileriň birleşmesiniň agzalary halkymyzyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, täze görnüşli harytlaryň önümçiligini we ýokary hilli  hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini ýola goýmak babatda netijeli işleri alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän «Pähim-pýahas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen telekeçileri ýurdumyzda iri gurluşyklaryň, şol sanda senagat desgalarynyň bina edilmegine, milli ykdysadyýetimize öň­debaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşdular. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçilik işini işjeň­leşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn orun berilýär. Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Telekeçilik ähli sebitlerde ilerledilýär. Hususy pudak giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Gurluşyk kärhanalarymyz senagat, durmuş, medeni maksatly desgalary gurýarlar, şäherlerimizi, obalarymyzy abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän forumlar, maslahatlar işewürlik duşuşyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezýär. Olaryň netijeleri Türkmenistana bolan uly gyzyklanmalaryň aýdyň beýanydyr. Ýakynda, has takygy 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi milli işewürler üçin hem uly mümkinçiliklere giň ýol açdy. Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gözden geçirilişdäki pawilýonlarda ulag-logistika pudagynda baý tejribe toplan milli düzümler we daşary ýurt kompaniýalary bilen birlikde, «Hazar logistika», «Gadymy menzil», «Arassa gözýetim», «Dowamly ýol logistik», «Serpaýly ýol», «Döwrebap ulag merkezi», «Awtoýoly», «At-abraý» ýaly hojalyk jemgyýetleri gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini we geljekki mümkinçiliklerini tanyşdyrdylar. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili Aşgabatda jemlän iri halkara forumda ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, pudaga «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanlylaşdyrma, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hususy pudagyň ulag-logistika ulgamynda iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň we hojalyk jemgyýetleriniň dünýä tejribesini yzygiderli özleşdirip, uly üstünlikleri gazanýandyklaryny aýratyn bellemek gerek.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem hususy pudagyň edara-kärhanalarynda duşuşyklary, maslahatlary, dabaraly çäreleri yzygiderli geçirip, ajaýyp zamanamyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň möhüm wezipelerini wagyz edýärler. Noýabr aýynda partiýamyzyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň möçberli özgertmeleri uly ösüşlere beslenýär», «Bedew batly zamanamyzda telekeçilige giň ýol» atly maslahatlar hem ýokary ruhubelentlige beslendi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň binýadyny has-da berkidýän, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Şemşat Baýramgeldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.