Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AZYK BOLÇULYGYNA GOŞANT

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygy pudagynda durmuşa geçirýän özgertmelerine Mary welaýatynyň hususy önüm öndürijileri hem tutanýerli zähmeti bilen jogap berýärler. Muny Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhana toplumlarynda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň hususyýetçileri obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda netijeli işleri ýola goýýarlar. Bu babatda ýyladyşhana hojalyklary bilen baglanyşykly gazanylýan öňegidişlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bolan pudakda üstünlikli iş alyp barmak we dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýyladyşhana toplumlaryny döredip, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan hususyýetçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähriban obam» hususy kärhanasy hem bar. Hususy kärhana halkymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýar. «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri soňky bäş ýyla barabar döwürde ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri ýetişdirmek bilen meşgullanyp, bu ugurda baý tejribe topladylar. Hususy kärhananyň işçileri işlerini şu günüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak arkaly, ekologiýa taýdan arassa gök önümleri öndürmäge ýykgyn edýärler. Olaryň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri oňyn netijeleri berýär. Kärhananyň döwrebap ýyladyşhana toplumynda pomidoryň dürli görnüşli şitillerini ösdürip ýetişdirmek ýola goýuldy. Pomidor şitilleri ýyladyşhana şertlerinde awgust aýynyň üçünji ongünlüginde oturdylyp, noýabr aýynyň başyna-da ýetişen hasyl ýygnalyp başlanýar. Hasyl tä geljek ýylyň iýun aýyna çenli ýygnalýar.

Hususy kärhana tejribesini ýylsaýyn artdyryp, islegli önümiň ýokary hasylly tohumlaryny ýetişdirýär. Şu ýyl hususyýetçiler pomidoryň «Ronwaýn» (RONVINE) tohumyna degişli şitilleri oturdyp, geçen ýylkylardan has ýokary netijeleri gazanmagy başardylar. Häzirki döwürde ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidoryň her gektaryndan ýylda orta hasap bilen 300 — 350 tonna aralygynda hasyl alynýar.

Ýyladyşhana toplumy Niderlandlar Patyşalygynyň, Belgiýanyň, Türkiýäniň obasenagat toplumynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli tehnologiýalary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ekinler damjalaýyn usulda suwarylýar. Ýyladyşhananyň çyglylyk derejesi, howa alyş-çalşygy awtomatik ulgam arkaly dolandyrylýar. Ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen pomidor şitilleri ylmyň ösen tejribelerini nazara almak bilen, ýerden ýokarda, asma görnüşde kakopitlerde oturdylýar we olara göwnejaý ideg edilýär.

Ýeri gelende bellesek, bu hususy kärhanada ýetişen gök önümleri ýerleşdirmäge niýetlenen ýörite gaplary öndürýän önümçilik hem ýola goýlandyr. Döwrebap derejedäki, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada 150-ä golaý işçi zähmet çekýär.

Häzirki günlerde «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda ösdürilip ýetişdirilen pomidorlara isleg ýokary. Ýygnalan hasylyň bir bölegi içerki bazarda ýerlenilip, galan bölegi bolsa Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy ýaly goňşy ýurtlara eksport edilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda duşuşyk geçirip, tutanýerli zähmet çekýän işçi-hünärmenlere ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlaryny gowşurdy. Şeýle çäreler zähmet toparynyň ähli agzalaryny uly joşgun we yhlas bilen işlemäge ruhlandyrýar.

Hususyýetçi oba hojalykçylar, hünärmenlerdir işçiler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy ýokary hilli we ekologik taýdan arassa gök önümler bilen ýeterlik derejede üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerine öndürijilikli we päk zähmeti bilen jogap berýärler. Olar telekeçilere netijeli işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.