Owazy ýedi yklyma dolan şöhratly berkarar döwletimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň agzybirlik, jebislik ýol-ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy baradaky hakykaty Ýer ýüzüne ýaýýar. Agzybirlik, bitewilik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň täze eýýamda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän ýakymlydyr. Şonuň netijesinde döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşler, eýelenýän sepgitler Watanymyzyň kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär.
Türkmen öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi! Ol öz berkarar döwletiniň saýasynda bagtly ömür sürýär! Gör, nähili buýsançly! «Berkarar döwlet istärin» diýen Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasyna ýetmek üçinem gör nähili ynam, sabyr, paýhas gerek bolandyr. Şeýdip berkarar döwletlilik, bagtyýarlyk türkmeniň ykbalyna öwrülendir.
Bu zatlaryň ählisi müňýyllyklaryň tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Uzak asyrlaryň dowamynda halkymyzyň döwlet gurmak, döwletiň saýasynda erkana ýaşamak baradaky kämil garaýşy kemala gelipdir. «Baş bolmasa, göwre — läş». Ine, atalarymyz muny, bir söz bilen, şeýle aňladypdyr. Adamzadyň döwletlilik babatdaky hiç bir tejribesi, hiç bir pelsepesi şu garaýyşdan, şu ýörelgeden öňe geçip bilmeýär.
Gahryman Serdar Prezidentimiz peder ýörelgesini dowam etdirmeginde öz halkynyň bütin güýç-kuwwatyny, başarnygyny bir başa jemläp, ýurdy dolandyrýar. Şeýdip ähli çylşyrymly, mukaddes wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. Muňa guwanmalydyrys, buýsanmalydyrys. Şu guwanjymyz, buýsanjymyz bilen agzybirdiris, jebisdiris. Öz bagtyna guwanmagy, buýsanmagy başarýan halk kämil halkdyr.
Iki yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň biri-birine galtaşýan ýerinde orun eýeleýän Türkmenistan! Biziň halkymyz taryh üçin juda gysga döwrüň içinde garaşsyz, özygtyýarly halk hökmünde nämelere ukyplydygyny, ýurdunyň mümkinçiliklerinden näderejede peýdalanmagy başarýandygyny dünýä aýan etdi.
Türkmenistan müňýyllygy Gahryman Arkadagymyz «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelge bilen başlady. Türkmenistan müňýyllygy görlüp-eşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Türkmenistan müňýyllygyň kitabyna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň belent münberlerinden müňýyllyklara hyzmat etjek başlangyçlary — abadançylyk, hyzmatdaşlyk, ösüş başlangyçlaryny öňe sürýär. Eziz Türkmenistanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürdi.
Garaşsyzlyk ýurdumyzyň giň mümkinçilikleri, bu mümkinçiliklerden peýdalanmagy başarjakdygymyz baradaky pikirleri öňe çykardy. Döwrümiziň özgerişleri, ösüşleri bu pikirleriň örän dogrudygyny yzly-yzyna subut edip gelýär. Bu günki türkmen özüni öz ýurdunyň doly hukukly eýesi hökmünde duýýar. Ol öz ykbalyny özüniň belende göterip bilýändigini, bilimi, başarnygy bilen ýaşaýşyň rahat hem owadan dünýäsini öz topragynda döretmegi başarýandygyny dünýä subut etdi. Erkin pikirlenmek, erkin ösmek, öz kämil düşünjäň, synmaz ynamyň bilen ýaşamak, öňe gitmek — döwrüň beren bu baýlyklary baýlyklaryň seresidir, uly derejedir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy işler şu günümizi beýgeltmek bilen, geçmişimize düşünmäge kömek edýär, şol beýik taryhy açýar, şol beýik taryh bilen ýüze çykýar, şol beýik taryhyň dowamyna öwrülýär. Munuň özi berkarar döwletlilik baradaky beýik taryhdyr. Berkarar döwletde bagtly ömür sürmek türkmeniň ykbalyna öwrüldi! Berkarar döwlet — halkymyzyň baş mukaddesligi. Oňa halkymyzyň telim asyrlyk arzuwy, ynamy, yhlasy, paýhasy, jepasy siňendir. Şeýle mukaddeslige doly eýe bolmak, ony dünýä ykrar etdirmek, berkitmek, ösdürmek, öňe alyp gitmek — bu millet üçin iň möhüm wezipedir. Döwletiň mizemezligi ýurduň ösüşi, abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dünýäde hiç bir döwletde ösüşi hem abadançylygy üpjün etmezden bolýan rowaçlyk ýok. Adamzadyň bütin geçmişinde-de şeýle bolupdyr, häzirem şeýle. Diňe kuwwatly döwletde, akylly-başly syýasatyň alnyp barylýan döwletinde muňa ýetilýär. Şonuň netijesinde döwlet halkyň ynamyny gazanýar, halky öz daşyna jebisleşdirýär.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu gün Türkmenistan dünýä döwletleriniň biri-birine has ýakynlaşmagy üçin uly ýollary açýar. Halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwürmek, Watan mukaddesligi baradaky milli duýgy-düşünjeleriň nesiller üçin bahasyz miras, mekdep bolmagyny gazanmak babatda ägirt uly işler bitirilýär. Türkmen döwletiniň syýasy, ykdysady, durmuş hem ruhy, medeni özgertmeleri şu işleriň özenini düzýär. Şeýlelikde, munuň özi halkymyzyň erkin, rahat durmuşydyr. Şäherlerimiziň hem obalarymyzyň barha gözelleşýän keşbidir. Dürli ugurlara niýetlenen, iň ýokary derejede enjamlaşdyrylan binalardyr, desgalardyr. Täze ýollardyr, köprülerdir. Senagat merkezleridir. Dynç alyş, sagaldyş, syýahatçylyk merkezleridir. Raýatlaryň her birini döwletiň mähribanlyk, hossarlyk bilen gurşap almagydyr. Özümiz we dünýä üçin gerekli önümleriň öz ýurdumyzda, öz tejribämiz, öz zähmetimiz bilen türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilmegidir. Halkymyzyň döredijilik, gurujylyk ukybynyň has doly açylmagydyr. Mirasa sarpadyr. Milli medeniýetiň ösmegidir, dünýä ýaýylmagydyr. Biziň ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk nurudyr... Toýlarymyz milli öwüşginlere baý. Olarda asyrlar aşyp gelen miras bar, şu günüň şatlygy hem buýsanjy bar, geljegi ýagtyldýan şugla bar. Toýlarymyza myhman bolýan daşary ýurtlar türkmeniň sahawatly kalbyna zyýarat eden ýaly bolýarlar... Bularyň ählisi — halkymyz üçin eşret hem bagt. Bularyň ählisi — halkymyz üçin mertebe hem buýsanç. Türkmen şeýdip mertebeli ýaşaýar. Şeýdip dünýä ýagşylyk eçilýär. Şeýdip ak ertirlere barýar. Watana biziň «janymyz, hanymanymyz» diýýäris. Rahatlygymyz, erkinligimiz Watanymyz bilendir.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, beýik başlangyçlary rowaç bolsun! Mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleri uly üstünliklere beslensin!
Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.