Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÝOLLAR ABAT — IL ABADAN

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, dünýä ülňülerine kybap gelýän giň şaýollar we köçeler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar döwrebap howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Ösen döwrüň talaplaryna laýyk şertlerde ýaşaýan raýatlarymyz awtoulag serişdelerinden doly peýdalanýarlar. 

Ýollarda ulaglaryň artmagy durmuş şertlerinde amatlyklary döretmek bilen birlikde, howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gurulýan aýdyň we abadan ýollarymyzda sürüjilere-de, pyýadalara-da ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Ýeri gelende bellesek, ýollar ýurduň ykdysady kuwwatynyň hem görkezijisi bolup durýar. Eziz Diýarymyzda dürli ugurlara degişli kaşaň desgalar we binalar aýdyň ýollarymyz bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ýollaryň, ýanýodalaryň, sowma ýollaryň gyrasyna elwan gülleriň ekilmegi, owadan hem-de ykjam sütünlerdäki çyralaryň gijäni gündize meňzedip, töwerege ýalkym saçmagy ildeşlerimiziň kalbyny şatlyk we buýsanç duýgularyna besleýär. Göni we aýlawly köprüler, tonneller, döwrebap ýerasty we ýerüsti geçelgeler bolsa sürüjiler we pyýadalar üçin amatly hem-de howpsuz şertleri üpjün edýär.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanyp, altyn güýze gadam basylmagy bilen, köçe-ýol hereketiniň işjeňligi has-da artýar. Ulag we pyýada hereketiniň üzül-kesil köpelmegi oňa gatnaşyjylaryň jogapkärçiligini hem artdyrýar. Halkymyzyň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, kada öwrülen netijeli çäreleriň toplumy adamlary seresaplyga, ýol-ulag hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmäge çagyrýar. Döredilýän amatlyklaryň hözirini görmek, netijeli peýdalanmak bilen birlikde raýatlarymyz, ýagny sürüjiler we pyýadalar özleriniň kanuny borjuny hem berjaý etmelidirler. Ulaglaryň has köpelen häzirki döwründe bu örän möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen bir aýlygyň geçirilmegi indi ençeme ýyl bäri asylly däbe öwrüldi. Bu bir aýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, oňaýsyz hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň öz howpsuzlygy üçin örän wajyp bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigine bu ugurda geçirilýän çärelere ildeşlerimiziň işjeň gatnaşýandyklarynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary hem ýurdumyzyň hususy pudagyna degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Olarda ýurdumyzyň ýollarynda, köçelerinde sürüjileriň we pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleriniň üstünde giňişleýin durlup geçilýär. Duşuşyklara gatnaşyjylary gyzyklandyrýan sowallara jogaplar berilýär. Ýokary işjeňlikde geçýän wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda hem-de ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Dünýä ülňülerine kybap gelýän ajaýyp ýollary gurduryp, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, il-ulsumyzyň saglygynyň we abadançylygynyň goralmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.