Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

YLYM – BILIM GANATDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýän.

Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwriň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan,saýlan hünärine yhlas bilen ýapyşýan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin mümkinçilikleri açdy.

Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, möhüm wezipe bolup durýar. Ynsan hem gözlemek, gurmak, döretmek has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýandyr. Şu maksat bilen dersler sanly bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.

Döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda baý tejribe toplandy. Türkmenistanda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribe bilen bir hatarda milli ýörelgeler esasynda bilim işi kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzda ylmy ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklyka ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek,ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Munuň özi ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegine, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyna, şolaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterligini üpjün edilmegine getirýär.

Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ylym almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Mekdep okuwçylarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda olimpiadalar, bäsleşikler, maslahatlar, sergiler, festiwallar, yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hünär saýlamakda, kärini özleşdirmekde we olaryň bilime, ylyma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. 

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň öňünde geljekki ösüşlere tarap aýgytly ädimleri ätmek ugrundaky anyk maksatlaryň durmagy dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, ylym-bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmegine itergi berýär.

Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany barha artýar.

Goý, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, sowatly, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, ynsanperwer we hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Täzegül BAÝLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.