Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ BERK BINÝADY

Halkymyzyň hem-de her bir adamyň bähbidini ileri tutýan demokratik we dünýewi hukuk ýörelgeler Esasy Kanunymyzda berkidilendir. Milli kanunçylygyň binýatlaýyn resminamasy bolan Konstitusiýamyzda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy bellenilýär. Ata-babalarymyzyň jemgyýeti we döwleti dolandyrmak boýunça köpasyrlyk tejribesine kybap gelýän bu ýörelge Garaşsyz Watanymyzyň häzirki syýasy ulgamynda-da öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji iýulda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle hem onuň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlaryndan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna teklip edilýän wekilleri saýlamagyň tertibi tassyklanyldy. Häzirki günlerde bu foruma ýokary derejede taýýarlyk işleri dowam edýär. Syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.

Halk häkimiýetliliginiň demokratik däpleri täze döwrüň talaplary bilen sazlaşykly ösdürilip, türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynda möhüm orny eýeleýär.

Asyrlary aşan asylly ýörelgeler halk häkimiýetliliginiň milli nusgasynyň özboluşly aýratynlyga eýe bolmagyny şertlendirdi. Taryhy mirasymyzyň demokratik we hukuk döwletiniň häzirki zaman ýörelgeleri bilen sazlaşygy halk häkimiýetliliginiň berkidilmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýe boldy. Nesilden-nesle geçirilip gelinýän asylly ýörelgeler milli döwletliligiň binýadynda raýat bilen döwletiň bitewüligini üpjün edip, Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki syýasy gurluşynda aýdyň şöhlelenýär.

Halk bilen geňeşmek parasatly pederlerimiziň jemgyýeti dolandyrmak boýunça köpasyrlyk tejribesiniň hem-de onuň dowamy bolan häzirki zaman milli demokratiýamyzyň özeninde durýan gymmatly ýörelgedir. Bu ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döwrebap ösdürilýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekden, ýurdumyzda özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekden, teklipleri işläp taýýarlamakdan, maslahatlary bermekden, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekden hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna hyzmat etmekden ybaratdyr.

Agzybir halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belent üstünlikler, zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi şöhratly taryhymyzyň galkynyşly ýolunyň ýene bir altyn sahypasyny ýazar. Il-ulsumyzyň agzybirligi, döwletimiziň berkararlygy ugrunda ýadawsyz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.