Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER

Oguz han atamyzyň döwründen bäri atly-abraýly, akylly, paýhasly adamlary çagyryp, geňeş etmek ýörgünli. Bu babatda «Oguznamalarda» täsirli maglumatlar getirilýär. Oguz hanyň her bir ähmiýetli meseläni halk bilen, il-gün bilen geňeşip çözendigi hakynda aýdylýar. Seljuk türkmen döwletini esaslandyran Togrul beg hem 1040-njy ýylda Gaznaly döwletini ýeňen ýeri bolan Daňdanakanda türkmen topragynyň çar künjegine habar iberip, täze döwleti jar edýär we halk bilen geňeş edip, Mäne babadan ak pata alýar.

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany - Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti we Bereket etrap komiteti bilen bilelikde  agzybir işgärleri bolup guramaçylykly çäreler geçirip durýarys.    Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda köp sanly, wajyp ähmiýetli işleri alyp barýarys. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirýäris. Şu maksatlar bilen wekilçilikli edaralaryň işine, olaryň işiniň kämil kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna, guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berýäris.

Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen, dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr. Parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNY döretdik».

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek - Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz köküni Oguz han türkmeniň döwründen alyp gaýdýan Halk Maslahatyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar bilen baýlaşdyrýar. Halkyň agzybirligini jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplaýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini belleýär. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, häkimiýetiň wekilçilikli edarasynyň aşakdan ýokaryk bitewi ulgamy döredilýär, gutarnykly logiki häsiýete eýe bolan halk wekilçilikli edaralarynyň berk sütüni kemala gelýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär.

«Watan diňe halyky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymaty öňe süren Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli her bir başlangyjy özüniň ýokary netijesini berýär.

 Her bir güni taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, erkin hem parahat durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň sargytlarydyr öwüt-ündewleri tutuş halkymyzy, şol sanda ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýar. Beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlandyrmakda, döwleti berkarar etmekde, halky bagtyýar durmuşda ýaşatmakda belent wezipeleri durmuşa geçirýän, halk bilen döwleti goşa mukaddeslige deňäp, şol mukaddeslikleriň hatyrasyna paýhasly döwlet syýasatyny amala aşyrýan   Türkmen halkynyň Milli Lider Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Akbäbek Gulesenowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.