Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna üstümizdäki ýylyň geçen döwründe ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, ähli ugurlarda gazanylan ösüşleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Türkmen döwletiniň häzirki durnukly ösüşini saklamakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeleriň gerimini barha giňeltmekde, bu özgertmelerde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň, döwletiň syýasy ulgamynyň kämilleşdirilmeginde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ýolbaşçylygynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmegiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli Maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygy nygtaldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary boýunça ýylyň ýylyna mermer paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi netijesinde halk bilen häkimiýetiň işiniň jebisleşýändiginiň, döwrebap derejä eýe bolýandygynyň, halkymyzyň durmuşynda ykbal özgerdiji wakalaryň bolup geçýändiginiň şaýady bolup gelýäris. Ynha bu ýyl hem geçiriljek uly syýasy çärä – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem ykjam taýýarlyk işleri görülýär. Sebäbi halk bilen maslahatlaşyp, köpçüligiň makullan pikirine daýanyp, jemgyýetçilik bähbitli işleri durmuşa geçirmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Elbetde ýyl geçdigiçe özüniň netijeliligini artdyrýan halk maslahatynyň yzygiderli geçirilmegi diňe halkyň abadan ýaşamagyna gönükdirilen aladalardan nyşan bolup durýar.

Halkymyzyň Oguzhandan gözbaş alyp gaýdýan, müňýyllyklara uzaýan taryhyna ser salsak hem, islendik döwletli başlangyçlarda ýaşululara, il-halka sala salnyp, olar bilen geňeşilip, ýerlikli karara gelmeklik elmydama özüniň il-halk üçin bähbitli netijelerini berendigini bize geçmiş görkezýär. Şonuň bilen bir hatarda, bularyň ählisiniň aňrysynda halkymyzyň birek-birege bolan sylaşygy, hormaty, il-ulusyň pikirine goýulýan sarpasy görünýär.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem halkyň agzybirligini berkitmekde, demokratiýany ösdürmekde, raýat jemgyýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Bu döwletli maslahatyň geçirilmeginiň netijesinde halk bilen häkimiýetiniň işiniň jebisleşýändiginiň, döwrebap derejä eýe bolýandygynyň şaýady bolýarys. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda durnukly dowam etdirilýän ösüşiň has-da ýaýbaňlanmagyna, halk bilen häkimiýetiň berk jebisleşmegine öňküden-de giň mümkinçilikleri döreder. Halkymyzy mundan beýläk-de öňe gitmäge, täze başlangyçlara itergi berer. 

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak, senagatda sebitleriň endigan ösüşini gazanmak, medeniýetde gadymdan gelýän däp-dessurlara daýanmak, ylym-bilimde ylmyň, tehnikanyň döwrebaplygyna eýermek, kanunçylykda halkyň arzuw-islegini nazara almak, dünýäniň baý tejribesini göz öňünde tutmak esasy ýörelgä öwrüldi. Özara sazlaşykly dowam etdirilýän, gelejegi nazarlaýan bu ýol-ýörelge halkymyzy has-da jebisleşdirip, ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýar. 

Güneşli diýarymyzda häzirki zaman demokratik jemgyýeti kemala getirmek we ony mundan beýläk-de ösdürmek, döwrebap ýaşamak, zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Döwletimiz alyp barýan içerki we daşarky syýasatynda raýatlaryň syýasy hem-de durmuş hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine hem-de amala aşyrylmagyna uly üns berýär. Şeýle ýokary mümkinçilikler döredilen ýurtda ýaşamak bolsa biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlyk, elýetmez bagtdyr.

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň agzybirliginiň has-da berkeýän, durmuş ykdysady taýdan uly ösüşe eýe bolýan döwründe biziň her birimiz syýasy jemgyýetçilik işinden çetde durmaly däldiris. «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri halk arasynda wagyz etmekde mundan beýläk-de jan aýaman zähmet çekmelidiris. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we onuň ilkinji partiýa guramalary Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmegi esasy wezipesi hasaplap, beýleki jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary, ýerli häkimlikler bilen bilelikde döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde taryhy ähmiýete eýe boljak bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça hususyýetçileriň, telekeçileriň arasynda bolup maslahatlary, wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň baş maksady jemgyýetiň bähbidini we ýurduň abadançylygyny üpjün etmekdir. Halkymyzy bolelin, eşretli durmuşda ýaşatmakda, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda eden arzuwlaryny amala aşyrmakda, çekýän asylly zähmeti üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Merdan Nowruzow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.