Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK ŞAHYRYMYZ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÇEPERÇILIK DÖREDIJILIGI

Ene dilimize, milli medeniýetimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Mirasymyzy öwrenmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Şahyrymyzyň goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, baý edebi mirasy galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär.

Magtymguly Pyragynyň durmuşy, ömri, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme ylmy işler ýazyldy, kitaplar çap edildi. Alymlar şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Magtymguly Pyragy diňe bir çeper eserlerdir ylmy işlerde däl-de, şekillendiriş sungatynda hem öz mynasyp ornuny tapdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli dünýäniň birnäçe ýurdunda goýlupdyr. Bu bolsa türkmen akyldaryna goýulýan uly hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar, çünki akyldaryň goşgulary ähli ynsanlar üçin terbiýedir, paýhasdyr, nesihatdyr. Şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. 

Şeýle hem onuň ylym-bilimi wagyz edýän goşgulary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki şahyr ylym öwrenmegiň, kitap okamagyň ähmiýeti hakynda çuňňur beýan etmek bilen bir hatarda ýaşlara pent-nesihat edýär:

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,

Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr.

Şu setirlerden görnüşi ýaly, alymlaryň ýanynda bolmak, olaryň nesihatyny diňlemek asylly ýörelgedir. Munuň özi halypa-şägirtlik ýolunyň hem ähmiýetlidigini beýan edýär. Şonuň üçin hem şahyryň goşgularynyň many-mazmuny örän çuňlukdan gaýtmak bilen, ýol-ýörelge görkezýär, kämilligiň ýoluny salgy berýär.

Magtymgulynyň özi hem alymlara sarpa goýupdyr, olaryň nesihatyny alypdyr. Onuň dünýä meşhur şahyr bolmagynda Döwletmämmet Azadynyň uly hyzmatynyň bardygyny görmek bolýar. Döwletmämmet Azady çeper söz sungatyna, edebiýata düşünýän we oňa ýokary baha berýän akyldar bolupdyr. Ol öz döredijiligi bilen türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň dünýägaraýşyna oňat täsir edipdir. Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyrmak bilen, şygyrlarynda halkylygy, milliligi ösdürip, sözüň güýji bilen ynsanlaryň kalbyna täsir edipdir. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi, filosofik nukdaýnazardan durmuş hakykatyny özünde jemleýär. Şonuň üçin hem şahyryň goşgulary çuňňur many-mazmuna eýe bolýar, çeperçilik taýdan hem ýokary derejelere ýetýär. Şahyryň köptaraplaýyn döredijiliginden durmuşyň ähli ugurlaryna degişli soraglara jogap tapmak bolýar. Şu ýerde onuň ajaýyp goşgularynyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilendigini hem bellemek gerek. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbynyň şahyrydygyny ýene-de aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýeri gelende bellesek, Magtymguly Pyragy hem dünýäniň akyldarlaryna belent sarpa goýupdyr. Şahyryň şu setirleri hem muny aýdyň beýan edýär:

Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,

Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,

Jelaleddin Rumy, Jamy elwany,

Olaryň jaýynda menem kän bolsam.

Şahyrymyzyň köptaraply döredijiliginde alymlar, ylym-bilim hakynda hem çuňňur pelsepäni görmek bolýar. Bu bolsa ýaş nesillere ylym öwretmekde, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde bahasyna ýetip bolmajak pendi-nesihatdyr. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy dünýä hakyndaky, durmuş we adam hakyndaky oýlanmalarynda ýaşaýşyň manysyna akyl ýetirmegi, ylym öwrenmegi, ýagşy-ýamana göz ýetirmegi, kanagatly bolmagy, myhmansöýerligi hem-de şer işlerden daşda bolmagy ündeýär.

Milli mirasymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny, Il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimden arzuw edýärin!

Täzegül Baýlyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.