Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

IŞEWÜRLIK: TÄZE ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilendigini her ädimde duýmak bolýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kiçi we orta işewürlige hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr. Häzir hususy eýeçiligi ösdürmegiň çäklerinde, ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik we gurujylyk ruhuna mynasyp işleri bitirmeklige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti hem öz goşandyny goşýar. Diýarymyzyň beýik ösüşleri, oňyn özgertmeler öňde durýan wezipeler baradaky söhbetler etrabymyzdaky hususy kärhanalaryň we telekeçileriň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklardyr çäreleriň mazmunyny düzýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň hususyýetçileri hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda — senagat, gurluşyk, azyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda yhlasly we üstünlikli zähmet çekýärler.

 

Türkmenistanda bazar ykdysadyýetini döretmekde telekeçilere aýratyn uly ynam bildirilýär. Olaryň öz işlerini netijeli amala aşyrmaklary üçin kanunçylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurtda telekeçiligi höweslendirmek we ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Muňa hususy kärhanalarda alnyp barylýan guwandyryjy işler hem güwä geçýär. Balkan welaýatynda döwlet eýeçiligine degişli däl ulgamda öndürilýän önümlerdir dürli maksatly harytlar diňe içerki bazarda däl, dünýä bazarlarynda-da ornuny berkidýär.

 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek maksady bilen, eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga, durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, hususyýetçileri höweslendirmäge işjeň gatnaşýar. Hususy telekeçiligi ösdürmek, iş ýerlerini döretmek, raýatlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek işleri esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary esasynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, eýeçiligiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegi, senagatçylygyň we telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, olaryň hukuklarynyň goralmagy halkymyzy çäksiz begendirýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek, olaryň elýeterliligini gazanmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça telekeçilerimiziň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Ata Watanymyzy ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmekde, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda hususy pudagyň wekillerine uly orun degişlidir. Munuň özi döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, haryt bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlara, edilýän aladalara mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermek, hususy pudagyň öňünde goýlan il-ýurt bähbitli wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirmek telekeçileriň hemişe baş maksady bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, raýatlaryň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.