Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AGZYBIRLIK BINÝADY

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem täze türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmatyny beýgeldýän şol taryhy wakalaryň il-ýurt bähbitli ugurlaryny we wezipelerini ilat arasynda wagyz etmäge, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmäge gönükdirilen çäreler häzirki wagtda ýokary guramaçylyk bilen alnyp barylýar. Şu günler ýurdumyzda halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky karar bilen bagly wagyz-nesihat we düşündiriş işleri bolsa, barha işjeň ýagdaýa eýe bolýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek ählumumy maslahatyň maksady halk wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, milli demokratiýany has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Onuň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň garşylanýan günlerinde geçiriljekdigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň baş baýramynyň çuň manysy bilen utgaşýan bu taryhy maslahat merdana pederlerimiziň döwleti dolandyrmakdaky köp asyrlyk tejribesine esaslanýan halk häkimiýetiniň milli ýörelgeleriniň adalat binýadyny has-da pugtalandyrar.

Türkmen halkynyň ruhy mirasynyň dürdänelerini özünde jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli toý uzak gider», «Geňeşli ýerde kemlik ýok...» diýen ýaly, birnäçe parasatly jümleler bar. Olaryň çuň manysy her bir döwletli işe maslahatdyr geňeş arkaly badalga beren ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinden ugur alýar. Halkyň pikir-paýhasyna uly ähmiýet beren dana pederlerimiziň bu ýoly il agzybirliginden, jebislikden, birek-birege bolan hormat-sarpadan nyşan. Şu ýylyň altyn güýzünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisindäki öňe sürüljek meselelerdir kabul ediljek kararlar hem şeýle bitewülikden ugur alar we Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň aýdyň ýoluna ýalkymly şöhlesini saçar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarda ägirt uly ösüşleri gazanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň halkara derejesindäki ornuny has-da beýgeldýär. Ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy hem agzybir türkmen halkynyň şeýle ösüşlere bolan buýsanjyny arşa göterer. Göwnümizi buýsanç içre ganatlandyryp, bagtyýar zamanada ýaşamak, işlemek we döretmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurduň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň mydama rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.

Baýrammyrat AMANMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary.