Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

SAGDYN JEMGYÝETIŇ BINÝADY

Jemgyýetiň abadançylygyny, döwletiň gülläp ösüşini üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Dünýä derejesinde bu ugurlary ösdürmek, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Berkarar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe- sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip belleýär. Bu jümlelerde ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň öňünde durýan esasy wezipeler beýan edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has da işjeňleşdirilip, bu ugurdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem- de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi Diýarymyzda sport ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändigini subut edýär. Häzirki döwürde ulgamyň kanunçylyk binýadyny berkitmek bilen baglylykda, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek bilen baglanyşykly kanunlara goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek boýunça alnyp barylýan işleri görkezmek bolar.

Bedenterbiýe we sport ulgamynyň kanunçylyk binýady bilen birlikde, jemgyýetiň sagdynlygyny goramakda giň gerimli hem- de anyk maksatlara gönükdirilen çäreleriň hem yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi oňyn netijelerini berýär. Iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ildeşlerimiziň sanynyň barha artmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Paýtagtymyzda soňky birnäçe ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlaryň tejribesi hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň hem- de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty