Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Gün­do­gar se­bit: işe­wür­le­riň işi ile­ri

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň al­ty aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça äh­li ba­bat­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň öň­kü­den-de go­wu­lan­ma­gy ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler­de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň işe­wür­le­ri­niň hem my­na­syp zäh­met pa­ýy bar.

Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ýurdumyzyň gün­do­gar se­bi­tine-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Şa ga­da­my düş­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Köý­ten­dag et­ra­byn­da gur­lan, ýyl­da bir mil­li­on ton­na se­ment ön­dür­mä­ge ukyp­ly se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň, «Asu­da akym» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Dä­new et­ra­by­nyň Aş­ga­bat ge­ňeş­li­gin­de gur­lan, «Şir ýag» ha­ryt ny­şan­ly sin­te­ti­ki aw­to­mo­bil çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, şeý­le-de «Nu­saý ýol­la­ry» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­na­bat şä­he­rin­de gur­lan, 4 gat­ly, 18 öý­li iki döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi toý-baý­ram­ly ýy­lyň şat­lyk­ly wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.

Ýur­du­my­zyň düýp­li gur­lu­şyk­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ýan le­bap­ly te­le­ke­çi­ler Köý­ten­dag et­ra­by­nyň Me­ge­jik oba­syn­da 790, Ha­laç et­ra­by­nyň Esen­meň­li ge­ňeş­li­gin­de 500, Çär­jew et­ra­by­nyň Zer­gär ge­ňeş­li­gin­de 600, şol et­ra­byň Fa­rap şä­he­rin­de 960, Sa­ýat et­ra­by­nyň Sa­kar şä­he­rin­de 600, Dä­new et­ra­by­nyň Seý­di şä­he­rin­de 500 orun­lyk, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän döw­re­bap mek­dep­le­ri, Ker­ki et­ra­by­nyň Go­wak oba­syn­da 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­ny gu­rup, ýaş ne­sil­le­ri be­gen­dir­di­ler. Te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki la­gym suw­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­mek mak­sa­dy bi­len gur­lan la­gym so­ru­jy be­ket, Çär­jew et­ra­by­nyň Bi­tik ge­ňeş­li­gin­dä­ki bir gi­je-gün­diz­de 25 müň kub met­re deň suw aras­sa­laý­jy des­ga, Köý­ten­dag et­ra­by­nyň Dost­luk şä­her­çe­sin­dä­ki ýyl­lyk kuw­wa­ty 50 müň ton­na gur­lu­şyk ga­ryn­dy ma­te­ri­al­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na se­bi­tiň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, ila­tyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge go­şant bol­dy.

Ak ba­zar­la­ry türk­men top­ra­gy­nyň eko­lo­gik taý­dan aras­sa oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de-de te­le­ke­çi­ler ýo­ka­ry iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler. Ola­ryň şu ýyl döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­lar­da ýe­tiş­di­ren 5 müň 620 ton­na­dan gow­rak po­mi­do­ry­nyň 4 müň 450 ton­na­dan gow­ra­gy­nyň eks­port edil­me­gi Jeý­hun bo­ýu­nyň dat­ly önüm­le­ri­niň di­ňe içer­ki däl, eý­sem, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da-da uly is­le­ge eýe­di­gin­den ha­bar ber­ýär.

Te­le­ke­çi daý­han­la­ry­myz eke­ran­çy­lyk ba­bat­da amat­ly ha­sap­lan­ýan sahawatly top­ra­gymyz­da ak bug­da­ýyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň, mi­we­li bag­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip, ila­ta el­ýe­ter­li ba­ha­lar­dan hö­dür­le­ýär­ler. Eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hil­li mal, guş eti, to­wuk ýu­murt­ga­sy, süýt, şöh­lat, ba­lyk önüm­le­ri, şeý­le-de jan­ly ba­lyk­la­ryň dür­li gör­nü­şi, süý­ji-kö­ke, çö­rek önümleri, mi­we şi­re­le­ri, süý­ji ta­gam­ly iç­gi­ler, ter we gap­la­nan önüm­ler sa­çak­la­ra ýa­ra­şyk ber­ýär. Şu ýy­lyň al­ty aýyn­da hu­su­sy ba­lyk­çy­la­ryň tu­tan je­mi 723 ton­na­dan gow­rak ba­ly­gy­nyň ak ba­zar­lar­da ýer­len­me­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr.

Bu gün­ki gün «Te­bi­gy ekin» daý­han ho­ja­ly­gy­nyň Çär­jew et­ra­byn­da 800 gek­ta­ra go­laý, şol et­rap­da «Al­tyn bür­güt» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň 8,5 gek­tar, «Ro­waç­ly ösüş» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň Döw­let­li et­ra­byn­da 740 gek­tar, «Yh­las­ly umyt» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň Köý­ten­dag et­ra­byn­da 1100-den gow­rak gek­tar, «Al­tyn gül» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň Dä­new et­ra­byn­da 30 gek­tar, şol et­rap­dan te­le­ke­çi My­rat Rus­ta­mo­wyň 240 gek­tar, «Ço­muç» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň Sa­ýat et­ra­by­nyň Ga­ra­be­ke­wül şä­he­rin­de 30 gek­tar meý­dan­da gök we bak­ja ekin­le­ri­ni, dür­li mi­we­le­ri ýe­tiş­di­rip, azyk bol­çu­ly­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýan­dyk­la­ry buý­san­dyr­ýar.

Tej­ri­be­li te­le­ke­çi­ler Şöh­rat Sai­po­wyň Sa­ýat et­ra­byn­da, Jem­şit De­mi­ro­wyň Dä­new et­ra­byn­da ýer­leş­ýän mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ryn­da süýt ugur­ly mal­lar ide­dil­ýär. Döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry­na go­laý ekin meý­dan­la­ryn­da ot-iým­lik ekin­le­riň, ýag­ny ýo­run­ja­nyň, ar­pa­nyň, mek­ge­jö­we­niň ekil­me­gi mal­la­ryň ýy­lyň tu­tuş do­wa­myn­da dok sak­lan­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Bu ýo­kum­ly ot-iým­ler mal­lar­dan bol süýt alyn­ma­gy­na ge­tir­ýär. Dä­new et­ra­by­nyň çä­gin­de 2 gek­tar meý­dan­da gur­lan ýu­murt­ga ugur­ly guş­çu­lyk ho­ja­ly­gy ak ba­zar­la­ry­my­zy guş eti­dir ýu­murt­ga bi­len üp­jün edip gel­ýär. Hu­su­sy pu­dak­da azyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nü­şi­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup, baý tej­ri­be top­lan tej­ri­be­li te­le­ke­çi Alym Jo­ra­ýe­wiň Sa­ýat et­ra­byn­da­ky önüm­ha­na­syn­da «Her gün» ha­ryt ny­şan­ly süýt we süýt önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Önüm­ha­na­nyň ýa­nyn­da ýö­ri­te mal­dar­çy­lyk ho­ja­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi önüm­çi­li­giň çig mal bi­len üp­jün­çi­li­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe. Mal­dar­çy­lyk ho­ja­ly­gyn­da­ky sim­men­tal to­hum­ly ga­ra mal­lar­dan alyn­ýan süýt­den her gün­de 2 ton­na go­laý eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­ler taý­ýar­la­nyl­ýar.

Türk­me­na­bat­ly te­le­ke­çi Göw­her Ju­ma­ýe­wa kün­ji ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len, «Nur­ber» ha­ryt ny­şan­ly kün­ji ýa­gy­ny ön­dür­ýär. Al­man­sur Ora­zow ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan «Tiz hyz­mat» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň us­sat hü­när­men­le­ri döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­lar­da del ta­gam­ly kö­me­lek­le­ri ös­dü­rip, her möw­süm­de bol ha­syl al­ýar­lar.

Rys­gal-be­re­ke­diň öz top­ra­gy­myz­dan ön­me­gi ba­zar­la­ryň ýer­li, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ter-tä­ze önüm­ler bi­len baý­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu hal­kyň bo­le­lin ýa­şaý­şyn­dan ny­şan­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len yzy­gi­der­li gol­daw-he­ma­ýat be­ril­me­gi, ýe­ňil­lik­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi hu­su­sy­ýet­çi­le­ri has-da yh­las­ly zäh­me­te ruh­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hu­su­sy ul­gam­da öň­de goý­lan mak­sat­lar my­rat ta­pyp, bar­ha ro­waç­lan­ýar.

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.