Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsi

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde has-da beýgelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussadynyň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten jöwher şygryýeti — gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsi, ynsan köňülleriniň nagşy bolup, bütin adamzat üçin nusga alynýan ýol-ýörelgä öwrüldi. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgini, däp-dessurlara ygrarlylygy, ahlaklylygy, agzybirligi wagyz edýär we ýaş nesillere ündeýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizilmegi, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň bolsa ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik söz ussadyna Ýer ýüzünde belent sarpa goýulýandygyny aýdyň ýüze çykardy. 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä dolýan şatlyk-şowhunly dabaralara beslenmegi bolsa, beýik akyldara dogduk mekanynda goýulýan hormat-sarpanyň äleme nusgalykdygyny aýan edýär.

Goý, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyrymyzyň sarpasyny has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.