Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HALK MASLAHATY-DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda giň özgertmeler amala aşyrylýar, täze ösüşlere badalga berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahaty uly ähmiýetli orna çykýar, ol halkyň giň wekilçiligini özünde jemleýär. Nesip bolsa, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň, Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

Ine, 20-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrylar. Mejlis Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçiriler. «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmelidigi we onuň düzümini tassyklamalydygy bellenilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde garalýan meseleler, kabul edilýän çözgütler mähriban Watanymyzyň yzygiderli ösmegini, halkyň bagtyýar durmuşynyň esaslaryny has-da berkitmegi nazarlaýar. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilmegi bellenilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurduň geljekki ösüşi, durmuş ugry, halkyň nurana ykbaly baradaky meselelere garalyp, täze rowaçlyklara badalga berler. Hormatly Prezidentimiz giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, belledi. 

Halk Maslahatynyň wekilçilikli mejlisleri jemgyýetimizde demokratiýanyň has giňden ýaýbaňlanmagyna täsir edýär. Bu bolsa raýat jemgyýetiniň ösmegine, her bir adamyň döredijilikli işlemegi we netijeli zähmetiň esasynda ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin gerek bolan ukyp-başarnyga eýe bolup, möhüm çözgütlere gatnaşmaga täze esaslary döredýär. Bu gün her bir raýatyň, ähli halkyň öňünde ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, ilimiziň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi baş maksat bolup durýar. Her bir türkmen raýaty halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryna eýerip, işewür gatnaşýarlar we ýurduň geljekki ösüşinde öz orunlary barada aýdyň oý-pikire eýe bolýarlar. 

Nesip bolsa, bu ýyl hem halk wekilçiliginiň giň gurşawyny özünde jemlejek döwletli maslahatda kabul ediljek il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlaryň üstünlikli durmuşa geçirilip, halkymyzyň abadançylygynyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine berk ynanýarys. Ýurdumyzyň ösüşler ýoly bilen öňe gitmegine täze badalga berip, watandaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler hemra bolsun! 

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.