Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Halk Maslahaty: jebislik, agzybirlik, bitewilik

Oguz han atamyzyň döwründen bäri atly-abraýly, akylly, paýhasly adamlary çagyryp, geňeş etmek ýörgünli. Bu babatda «Oguznamalarda» täsirli maglumatlar getirilýär. Oguz hanyň her bir ähmiýetli meseläni halk bilen, il-gün bilen geňeşip çözendigi hakynda aýdylýar. Seljuk türkmen döwletini esaslandyran Togrul beg hem 1040-njy ýylda Gaznaly döwletini ýeňen ýeri bolan Daňdanakanda türkmen topragynyň çar künjegine habar iberip, täze döwleti jar edýär we halk bilen geňeş edip, Mäne babadan ak pata alýar...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek — Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi däbe öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz köküni Oguz han türkmeniň döwründen alyp gaýdýan Halk Maslahatyny Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar bilen baýlaşdyrýar. Halkyň agzybirligini jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplaýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini belleýär. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, häkimiýetiň wekilçilikli edarasynyň aşakdan ýokaryk bitewi ulgamy döredilýär, gutarnykly logiki häsiýete eýe bolan halk wekilçilikli edaralarynyň berk sütüni kemala gelýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek bu günki gün asylly däpleriň birine öwrüldi. Şunda Türkmenistanda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň binýadynda Konstitusiýanyň, milli kanunçylyk ulgamynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durýandygy aýratyn bellärliklidir. Şol maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, ähli ulgamlarda işleýän adamlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ähli  ulgamyny halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri esasynda döwrebap ösdürmäge gönükdirilen hukuk binýady döredildi. Ähli ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen ynsanperwer kadalaryň berjaý edilmegi, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy aýdyň güwäsidir.

Şu ýylyň 20-nji iýulynda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertleri döretmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemlerini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen döwletimiz dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolmak bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirip, Watanymyzyň Bitaraplygynyň, mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny barha pugtalandyrmak ugrunda tagalla edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy batly depginde ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda meýilleşdirilen işleriň taryhy ähmiýete eýedir. Munuň özi Halk Maslahatynyň resminamalaýyn-hukuk, syýasy-jemgyýetçilik we guramaçylyk meseleleriniň oňyn çözülmeginde ähmiýetlidir. Bularyň ählisi Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän möhüm wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze şäherleri we obalary gurmak işleri ýokary depginde dowam etdirilýär. Şoňa görä, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenilýär.

Her bir güni taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, erkin hem parahat durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sargytlarydyr öwüt-ündewleri tutuş halkymyzy, yhlas bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Şulardan ugur alyp, Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem halkyň arasynda ýaýmak maksady bilen, wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrmak üçin arman-ýadaman zähmet çekýärler. 

Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

Türkmen topragynda asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýarlygyň höküm sürmegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri bitiren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, öz halkyny oňyn Bitaraplyk ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.