Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ulgamdaky özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işlerini, ylmy-tehnologik gözlegleri işjeňleşdirmäge giň ýol açylýar.
Häzirki döwürde Hormatly Prezidendimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň hem dünýä ülňülerine kybapdaş alnyp barylmagy we onuň barha kämilleşdirilmegi ugrunda amala aşyrylýan işleriň tutumy örän uly. Bilim bermegiň ýokary hilli usullaryny, dünýä tejribesini durmuşa ornaşdyrmak, okuw işiniň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanşykly ähli görnüşdäki üstünlikleri goldamak, höweslendirmek, dürli derejedäki okuw mekdeplerini kompýuterleşdirmek, internet ulgamyny elýeterli etmek, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly döwrebap işleriň juda ýokary tizlikde alnyp barylmagy munuň aýdyň mysallarydyr
Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda döwrebap mekdepleriň ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin oňat enjamlaşdyrylan okuw binýady bolmak bilen, ol ulgamyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna esaslanýar. Sanly ulgama geçmegiň çäklerinde öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek ugrundaky işler hem oňyn häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edilen netijeli çözgütdir.
Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli amal edilmegi täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak işinde we şonuň netijesinde ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmakda, eziz ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe gitmeginde nobatdaky möhüm ädim bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täzeçe bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmaga şert döredýär.
Biziň ýaşlarymyzyň sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjymyz hasda artýar. Ylyma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmelidiris. Bilim ulgamyny ösdürmek, nurana geljegimiz bolan kämil bilimli ýaş nesli kemala getirmek babatda uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Akbäbek Gulesenowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň jogapkär işgäri.