Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AWTOBAN: OKGUNLY ÖSÜŞIŇ ÝOLY

Parasatly pederlerimiz köpri gurmagy, ýol çekmegi, nahal oturtmagy sogap iş hasaplapdyr. Bu gün Garaşsyz Watanymyzda şeýle haýyrly işler döwlet möçberinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda halkymyzyň asylly işleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, ýurdumyzyň bedew bady bilen ösýändiginiň, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändiginiň nyşanydyr.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» we «Edermen» hojalyk jemgyýetleri hem-de «Ata melhem» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Dünýädäki ilkinji ýokary tizlikli awtomobil ýoly 100 ýyl mundan ozal Italiýada gurlup, Milan we Warese şäherlerini birleşdiripdir. XX asyryň 40 — 50-nji ýyllarynda şeýle ýollaryň gurluşygy Germaniýada has güýçli depgin bilen alnyp barlypdyr. Hut şoňa görä-de, nemes dilindäki «awtoban» diýen söz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň manydaş sözüne öwrülipdir.

Häzirki döwürde ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň umumy uzynlygy boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň sanawynyň öň hataryny Hytaý, ABŞ, Germaniýa ýaly kuwwatly ykdysadyýete eýe bolan döwletler eýeleýär. Bu ýagdaý ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň döwletiň ykdysady ösüşine oňyn täsir edýändigini tassyklaýar.

Okgunly ösüşlere eýe bolup, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrýan ýurdumyzda umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň başynda badalga berildi. Bu ýoluň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji tapgyry 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýoluň Te­jen — Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Awtobanyň Mary şäherini Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bilen birikdirýän üçünji tapgyrynyň gurluşygyna bolsa şu ýylyň başynda badalga berildi.

Her tarapda üç, jemi alty hereket zolagyndan ybarat bolan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metre barabardyr. Ýoluň hereket bölekleri biri - birinden ýörite zolaklar arkaly bölünýär. Hereket zolagyna her ugurda adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň bu iri taslamany durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklary, ýol çekmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly maslahatlary gurluşykçylaryň alyp barýan işinde uly ähmiýete eýe boldy. Şu ýylyň başynda hormatly Arkadagymyzyň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda zähmet çekýän gurluşykçylar bilen duşuşygynyň mysalynda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirýäris.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň boýdan-başa türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylýandygy ýurdumyzda bu pudagyň dünýä derejesine çykyp, şeýle döwrebap taslamalary özbaşdak durmuşa geçirmäge ukyply kuwwata eýe bolandygyny görkezýär. Taslamanyň birinji tapgy-rynyň degişli ugurda ýöriteleşen kompaniýalaryňdyr halkara düzümleriň güwänamalary, has takygy, awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna, taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama, şeýle-de ýokary howpsuzlyk güwänamasyna, ýoluň gurluşygynda innowasion ýokary tizlikli tehnologiýalaryň ulanylandygy baradaky güwänama mynasyp görülendigi ýörite bellenilmäge mynasypdyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda awtoulag we demir ýollarynyň, ýaplaryňdyr zeý akabalarynyň üstünden geçýän köprüleriň, ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň aşagyndan geçýän emeli desgalaryň döredilmegi, demir-beton turbalary geçirmäge niýetlenen hem-de mallar we oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň gurulmagy onda hereket edýän ulaglaryň we daş-töwerekdäki janly-jandarlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Ýolda ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolaklaryň döredilmegi, döwrebap elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň, innowasion yşyklandyryş sütünleriniň oturdylmagy, ýol hereketine gönükdiriji, salgy beriji we hereketi sazlaýjy ýol belgileriniň ýerleşdirilmegi ýol hereketiniň sazlaşykly we howpsuz bolmagyny üpjün edýär. Täze ýoluň ugrundaky ýangyç guýujy beketler, söwda nokatlary, naharhanalar we myhmanhanalar, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary hereketiň mümkingadar rahat we oňaýly bolmagyny şertlendirýär. Bu desgalary synlanyňda asyrlaryň dowamynda yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy kerwensaraýlar ýadyňa düşýär.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga we çaltlandyrmaga itergi berer. Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen sepleşip, ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder. Täze ýol ýükleriň deňiz ýoly arkaly Kawkaz we Ýewropa sebitlerine, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykarylmagyna mümkinçilik döreder.

Ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryna esaslanyp gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýoly geljekde millionlarça adama hyzmat eder. Aýna ýaly tekiz we arassa ýollary gurduryp, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.