Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK ŞAHYRYŇ SARPASY BELENTDEN TUTULÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hökmünde bellenilip geçilýän şu ýylda beýik akyldar şahyrymyzyň waspy giňden beýan ediler. Beýik söz ussadynyň çeper döredijiligini, goşgular ýygyndysyny dünýä ýüzünde jar etmek üçin dürli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň sarpasy belentden tutulyp, beýik şahyrymyzyň adyny göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik gurultaýy geçirlip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we Tertipnamasy kabul edildi. Bu gurama türkmen ýaşlarynyň beýik şahyrymyzyň bize miras goýup giden watançylyk taglymatlary esasynda terbiýelenip, ulalmagy ugrunda giň tagallalar edilýär.

Ýurdumyzda iň baýry ýokary okuw mekdebi akyldar şahyrymyzyň adyny göterýär. Ol hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetidir. Mundan başga-da akyldar şahyrymyzyň waspynyň  hemişe ýetirilip durulmagy üçin teatrlar, muzeýdir ýadygärlikler toplumlary guruldy we gurulýar. Akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry bolup, onda täsirli we gyzykly oýunlaryň birnäçesi sahnalaşdyryldy. Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumlary barda söz açylanda, ol paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän ýadygärlikler toplumyny agzamak bolar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleridir heýkelleri daşary ýurtlarda hem oturdyldy. Häzirki wagtda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda akyldar şahyryň heýkelini oturtmak barada degişli işler alnyp barylýar.

Şu ýerde dünýä belli alymlaryň, dilçileriniň, görnükli jemgyýetçilik wekilleriniň Magtymguly Pyraga belent sarpasynyň nyşany hökmünde aýdan sözleriniň käbirini mysal getirsek ýerlikli bolar. Meşhur wenger alymy Armeniý Wamberiniň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar. şeýle hem rus alymy Ýewgeniý Bertels Magtymgulyny taryplap şeýle diýýär: Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi-taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji ornunda durýar. Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giden bir umman. Şahyryň döredijiligi watansöýüjilik, gahrymançylyk, adamkärçilik, pähim-paýhaslylyk, görk-görmegi, tebigat gözellikleri, aý, gün, asman, ýedi yklym ýaly başga-da köp temalary öz içine alýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny, dünýä tanatmak ugrunda taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň  döredijiligine ýokary baha berip: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, bagtyýarlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär.

Gahryman Arkadagymyz özüniň goşgusynda bularyň hemmesini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip, iki setire sygdyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulan mukaddeslikleriň biridir” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagallalar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygyry bolsa .Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine uly sowgat boldy.

Şeýle ýörelgelere giň mümkinçilikleri döreden, milliligimizi, däp-dessurymyzy dünýä ýaýan, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hak howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwlet bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun !

Döwran Atabaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.