Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TEJRIBE BILEN TAZEÇILLIK SAZLAŞANDA...

Halkymyzda: «Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar» diýen pähim bar. Ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelen paýhasyna eýerýän türkmen halky häzirki döwürde-de ekerançylyga we maldarçylyga uly sarpa goýýar. Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň daýhançylykdan we maldarçylykdan rysgal tapýanlary sanardan köp. Gök-bakja önümleriniň, miweleriň we süýt, peýnir, gatyk, ýogurt, dorog ýaly süýt önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde oba hojalygynda iş alyp barýan we täzeçil iş usullarynydyr innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanýan hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň mynasyp paýy bar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürip, bazar bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem «Sahabatly» hojalyk jemgyýetidir. Ekologiýa taýdan arassa we saglyga peýdaly süýt önümlerini öndürmekde «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň çärýek asyrdan agdyk tejribesi bar. Ýakynda biz hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäklerinde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda myhmançylykda bolup, tohumlyk mallary idetmegiň we olardan bol süýt almagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandyk. «Sahabatly» hojalyk jemgyýetini esaslandyran Orazgeldi Anzarow 1997-nji ýylda maldarçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Ilkibaşda 350-den gowrak sygry kärendesine alan telekeçi ýerli sygyrlaryň süýtlüligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Eýrandan we Germaniýadan tohumlyk mallaryň 160-a golaýyny satyn alýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, gara mallaryň süýt berijiligi babatda dünýä belli golştin tohumyna degişli sygyrlaryň her birinden günde ortaça 20 litrden gowrak süýt almak bolýar. Häzirki wagtda «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň 500 baş sygra niýetlenen maldarçylyk toplumynyň ýakynynda uly bolmadyk zawoda çalym edýän süýdi gaýtadan işleýän sehi hem hereket edýär. Döwrebap maldarçylyk toplumy we süýdi gaýtadan işleýän seh innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde işleriň esasy bölegi awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrylýar. Ýylda 2 müň tonna süýt we 30 tonna et öndürmäge ukyply bolan maldarçylyk toplumynda 50 ä golaý hünärmen zähmet çekýär. Öz işine ökde hünärmenler mallaryň gerekli agramyny saklamak, sygyrlaryň süýtlüligini artdyrmak üçin öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda iş alyp barýarlar. Geçi süýdi hem saglyk üçin iňňän peýdaly önümleriň biri hasaplanýar. «Sahabatly» hojalyk jemgyýetinde sygyrlar bilen bir hatarda tohumlyk geçiler hem idedilýär. Maldarçylyk toplumynda Türkiýeden getirilen zaalin tohumly geçileriň 300-den gowragy saklanýar. Bu tohum ýurdumyzyň howa şertlerine çalt uýgunlaşýar. — Süýdi ençe dertden saplanmaga kömek edýän we çalt köpelýän mallary sakla-magyň ykdysady bähbidi bilen birlikde ruhy lezzeti hem bar — diýip, hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Azat Anzarow gürrüň berýär. —Bökjekleşip ýören owlaklary, işdämenlik bilen ot çeýneýän geçileri synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Sygryň süýdi hem, geçiniň süýdi hem ynsan saglygy üçin diýseň peýdaly önüm bolup, biologik taýdan gymmatly maddalara baýdyr. Süýtde gymmatly beloklar, ýaglar, uglewodlar, mineral maddalar, witaminler saklanýar. Şonuň üçinem, hojalyk jemgyýetimizde halkymyzy ýokary hilli süýt önümleri bilen üpjün etmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Hojalyk jemgyýetinde «Sahabatly» haryt nyşany bilen sygyr süýdi, gatyk, süzme, uýadylan gaýmak, aýran, geçi süýdi, duzlanan ereme peýnir ýaly önümler öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassa we baha taýdan amatly önümler sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. Olar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde söwda nokatlaryndadyr dükanlarynda alyjylara hödürlenilýär. «Sahabatly» hojalyk jemgyýeti mallaryň ot iým üpjünçiligine hem uly ähmiýet berýär. Hojalyk jemgyýetine bölünip berlen 650 gektara barabar ýeriň bir bölegi öri meýdany hökmün-de peýdalanylýar. Bu ýerde sygyrlaryň süýtlüligini ýokarlandyrmaga kömek edýän ýorunja, mekgejöwen, kanolla ýaly ot iýmlik ekinler ösdürilýär. Ýer-leri gurplandyrmak üçin agrotehniki talaplara laýyklykda ekin dolanyşygy alnyp barylýar. Hususyýetçi daýhanlar üçin döwletimiziň goldaw bermeginde ýeňillikli şertlerde satyn alynýan «John Deere» kysymly traktorlar ýerleri ekişe taýýarlamakda we ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnamakda giňden peýdalanylýar. Berkarar Watanymyzda yhlas bilen çekilýän zähmete uly hormat goýulýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, hususy işewürlikde hem ýaş hünärmenleriň ýaşuly nesliň tejribesini tä zeçil pikirler bilen baýlaşdyrmagy netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Azat Anzarowyň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagy işine yhlasly telekeçini täze üstünliklere ruhlandyrdy. Hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleriniň yhlasyny, zähmet söýerligini, tutanýerliligini göreniňde, olaryň maksatlarynyň myrat boljakdygyna ynamyň artýar.

Çary ÇARYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy