Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • TÜRKMENISTAN - BITARAPLYGYŇ, ASUDALYGYŇ, PARAHATÇYLYGYŇ MEKANY

    Demokratik,...

  • ARKADAG ŞÄHERI – YKDYSADY KUWWATYŇ AÝDYŇ GÖRKEZIJISI

    Berkarar...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOLY

    Berkarar...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY WE PARAHATÇYLYK FILOSOFIÝASY

    «Pä...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY BU GÜN DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE

    Berkarar...

  • Dowamy

Ýörelgämiz ygtybarly geljegimiz nurana


Geçen ýyllarda döwletimiz öz saýlap alan syýasy ýoluna doly ygrarlydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň diňe halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagyna ýardam berýär. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi, şeýle hem 2017-nji ýylda dünýä bileleşiginiň çözgüdi esasynda 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyndan habar berýär.

«Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk 

 

ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýyny we ornuny has-da berkitmäge oňyn täsirini ýetirdi» diýip nygtaýan Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata Watanymyz Türkmenistanyň üstümizdäki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň—Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021—2025-nji ýyllar döwür üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021—2024-nji ýyllar döwür üçin saýlanmagy hem guwançly waka boldy.

Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatymyzyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Ýakynda baky Bitarap berkarar döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy munuň şeýledigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Munuň özi bütin halkymyzy buýsandyrdy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerinde uly ähmiýete eýe bolup, milli Liderimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda öňe sürýän başlan- gyçlary bütin dünýäde dabaralanýar. Elbetde, bu buýsanylmaly, guwanylmaly belent derejedir. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen parahat, eşretli durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän berkarar döwletimiziň bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr. 


 

T.Hajyýew