Ýurdumyzda hususy pudagyň ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna milli ykdysadyýetde telekeçiligiň paýynyň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryny goldaýar. Şunuň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň öndürilişini barha ýokarlandyrýarlar.
Häzirki döwürde hususy pudagyň wekilleri oba hojalygynda, azyk senagatynda, gaýtadan işleýän önümçilikde, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli iş alyp barýarlar. Iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň gerimli döwlet taslamalaryny amala aşyrmaga, onlarça müň adamy iş orunlary bilen üpjün etmäge goşant goşýarlar. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawynyň netijesinde halk hojalygynyň düzüminde hususy ýetçileriň paýy ýylsaýyn artýar. Döwlet hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň netijeli ýola goýulmagy bilen, ýurdumyzda hususy eýeçilige esaslanýan döwrebap önümçilikleriň, bilelikdäki kärhanalaryň we paýdarlar jemgyýetleriniň sany köpelýär.
Hususyýetçiler diňe bir azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistany kuwwatly eksport ugurly ykdysadyýetli ýurda öwürmäge işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy kärhanalarydyr hojalyk jemgyýetleri bazaryň täze ugurlaryny, obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny gazanmaga, ilatyň ekologik taýdan arassa azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik tehnologiýalaryny ynamly özleşdirýärler Iri guşçulyk toplumlaryny, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklaryny, gök bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän önümçilik toplumlaryny döredýärler. Hususy düzümler oba hojalygynda amala aşyrylýan özgert melere öz goşantlaryny goşmak bilen, innowasiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyryp, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli gök önümleridir miweleri ösdürip ýetişdirýärler. Döwrebap tehnikalary, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň traktorlaryny, kombaýnlaryny we beýleki zerur enjamlary satyn almak üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi ýerden bol hasylyň alynmagyna we azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şeýle hem türkmen telekeçileri ýyladyşhanalarda gök bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe topladylar.
Milli haryt nyşanlary bilen öndürilýän dürli süýjülikler, şokoladlar, kökeler we beýleki konditer önümleri içerki bazarda-da, daşary ýurtlarda-da uly islege eýedir. Dürli haryt nyşanly tebigy gök bakja we miwe şireleri, gazlandyrylan alkogolsyz içgiler, ekologik taýdan arassa ýerli çigmalyň esasynda taýýarlanylýan çaga iýmiti, miwe we gök bakja konsentratlary, maýonez, üwmeç, gaplanan önümler, doňdurma, ýogurtlar, şöhlat önümleri, garaz, türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň sanawyny näçe uzaltsaň uzaldybermeli.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň ýüzlerçesinde dürli görnüşli senagat, gurluşyk we beýleki önümler öndürilip, halkymyza ýetirilýär hem-de daşary ýurtlara üstünlikli eksport edilýär. Gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde hem-de Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze senagat-önümçilik zolaklaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem okgunly ösüşlerimiziň nyşany bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalaryny döretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň amala aşyrylyşy, gazanylýan üstünlikler bilen baglanyşykly wagyz nesihat işlerini geçirmekde netijeli işleri alyp barýar. Jemgyýetçilik guramamyzyň wekilleriniň ýurdumyzyň Mejlisi, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen yzygiderli iş alyp barýandygyny bellemek gerek. Partiýamyz işewürlik gurşawyny has-da gowulandyrmaga degişli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işlerede gatnaşýar. «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri hususy pudagyň kärhanalarynda işewürleriň, hünärmenleriň we işgärleriň gatnaşmagynda wagyz nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär. Şeýle duşuşyklarda täze gadam basylan ýylda hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçileriniň öňünde goýan möhüm wezipeleri barada giňişleýin gürrüň edilýär.
Telekeçilere giň şert mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bizi täze sepgitlere ruhlandyrýar.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.