Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AZYK BOLÇULYGYNA HUSUSY PUDAGYN GOŞANDY

Ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekArkadaglyGahrymanSerdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri hem şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Ähli ulgamlar bilen bir hatarda 2023-nji ýylda hususy pudakda oňyn netijeler gazanyldy. Telekeçilerimiziň oba hojalyk önümleriniň eksportyndan gazanan girdejileri 2022-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, 10 göterimden hem ýokary boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary geçen ýylyň dowamynda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan azyk kärhanalarynyň 9-syny, oba hojalyk ugurly önümçilik kärhanalarynyň 11-sini işe girizdiler.

Üstünliklere beslenen ýylda hususy pudagyň wekilleri azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak bi­len birlikde, olaryň 130-a golaý täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular.

Milli haryt nyşanly önümlerimiz halkara sergilerdir ýarmarkalarda hem birnäçe baýraklara mynasyp boldular. 2023-nji ýylda «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň süýji önümleri Russiýa Federasiýasynda «Prodexpo — 2023» ady bilen geçirilen halkara sergide altyn medala mynasyp boldy. Telekeçi Rejepmyrat Orazowyň «Täze aý» haryt nyşanly süýji-köke önümleri Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «World Food» iýmit önümleriniň 32-nji halkara güýzki sergisiniň, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «Gulfood Manufacturing» sergisiniň güwänamalary bilen bellenildi.

Şeýle hem Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen «F Istanbul» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasynda alkogolsyz gazlandyrylan içgileri we miwe şirelerini öndürýän «Arçalyk», «Tükel», «Sada», konditer we süýji önümleri bilen adygan «Misgär»,

«Altyn Ýunus», «Kindi», «Mekan», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Tamada», «Balam», «Balşeker» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň harytlaryna ýokary baha berildi. Türkmen telekeçileri birnäçe ýurtlaryň işewürleri bilen önümlerini eksport etmek boýunça ylalaşyklary gazandylar.

Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikleriň, berilýän goldawlaryň netijesinde ýurdumyzda oba hojalygy bi­len meşgullanýan hususyýetçileriň sany artýar we olaryň alyp barýan işleriniň gerimi giňeýär.

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty