Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň düýpli özgerýän ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ägirt uly üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň guwandyryjy miweleri bolmak bilen birlikde, sazlaşykly ösýän jemgyýetimiziň ajaýyp görkezijileridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik ýurduň köptaraply, ynamly ösüşi, uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegi, ilkinji nobatda, ylymdyr bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe  jemgyýetimiziň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmaklyga, ýurdumyzyň önümçilik pudagyna dünýä ylmynyň gazananlaryny batyrgaý ornaşdyrmaklyga, ýokary tehnologiýalary, ylmy hem-de amaly barlaglaryň oňyn netijelerini üstünlikli peýdalanmagyň derwaýyslygyna aýratyn üns berilýär.

Ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine oňyn itergi berýän iň gymmatly serişde bolup durýan maglumatlary jemlemekde sanly bilim ulgamynyň döredýän mümkinçilikleri ummasyzdyr. Munuň özi geljekki ykdysady ösüşi çaklamakda, netijede bolsa, ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.

Sanly ykdysadyýet halkara ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda, dünýäniň ykdysady giňişligindäki işjeňligini ýokarlandyrmakda, dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň has-da kuwwatly döwlete öwrülmegini gazanmaga, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýar.

Baýmyrat TUWAKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri.