Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Dünýä ýaň salan şanly wakalar

    Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bu gün dünýä nusgalyk beýik tutumlaryň, taryhy ähmiýetli ägirt uly ösüşleriň ajap eýýamy hökmünde hakydalara hemişelik ýazyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda durmuşa geçirilen tutumly işler, başy başlanan düýpli özgertmeler hem halkymyzyň röwşen geljeginiň has-da beýikdiginiň buşlukçysy bolup, bütin äleme ýaň salýar.

    Golaýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we onuň golaýyndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralan halkara derejeli şanly wakalaram munuň hakykatdanam şeýledigini bütin aýdyňlygy bilen doly subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda geçen tutuş jümle-jahana dolan halkara çäresine Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we ykdysady forumy dünýäniň çar künjeginde hem uly gyzyklanmalar döredendigi şübhesiz hakykatdyr. Şeýle-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy we sergiler, hem-de milli tagamlaryň halkara festiwaly, aýdym-saz dabaralary we beýleki halkara çäreleri hem baý mazmuna, diýseň uly ähmiýete eýe boldy. Hut şeýle bolansoň onda çykyş eden sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylary bu iri halkara çäresiniň doganlyk halklaryň jebisleşmeginde, kökleri müňýyllyklara uzaýan goňşuçylyk däpleriniň täze röwüşlerde has pugtalanmagynda, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary derejelerde ösdürilmeginde wajyp ornunyň bardygyny aýratyn belläp geçdiler. Bu bolsa gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda durnukly ösüşi üpjün etmekde, söwda-ykdysady, maýa goýum-maliýe, ulag-kommunikasiýa, suw-energetika, maglumat-tehnologiýa, ekologiýa, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde iňňän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň möhüm ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmekde bilelikdäki başlangyçlaryň iş ýüzünde oňat netijeleri berýändigi aýratyn bellärliklidir.

    Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda eden çykyşy bolsa diňe bir halkara çäresiniň çäginde däl, eýsem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem giň goldaw tapdy. Çünki meşhur milli Liderimiziň bu taryhy ähmiýetli täsirli çykyşy halkara giňişliginde öz bimöçber ähmiýeti, şeýle-de derwaýys tekliplere, döwletli başlangyçlara baýlygy bilen tapawutlandy. Gahryman Arkadagymyzyň:”Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip edýärin. Onuň işine biziň sebitimizde iş tejribesi hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem çekmek bolar” diýip, öz çykyşynda aýratyn nygtap geçmegi hem Halkara çäresine gatnaşyjylaryň ählisinde bolşy ýaly, biz telekeçilerde hem çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Ýokary işjeňlikde geçen konsultatiw duşuşygynda seredilen möhüm meseleler, gelinen oňyn netijeleriň toplumy, şeýle-de duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama olaryň dünýä ýüzündäki ähmiýetini hem-de netijeliligini öňkidenem has artdyrdy.

   Umuman, Awazadaky Kongresler merkezinde hem-de onuň çäklerinde guralan halkara çäreleri olara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyryp, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda geçen bu Halkara çäreleri meşhur milli Liderimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde barha artýandygynyň ýene bir mertebe mizemez kepili boldy.

   Goý, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynyň altyn güýzünde giňden belleniljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna buýsançly barýan eziz halkymyzy ýeňişlerden-ýeňişlere, täze rowaçlyklara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, beýik maksatlary baky rowaçlyklara beslensin!

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.